Azatlygyň ýurt içindäki çeşmeleri öňräkden bäri 'ýakasyny tanadan' suw ýetmezçiliginiň soňky wagtlarda oba hojalygynda has ýiti duýulýandygyny habar berýärler. Ýerli hünärmenler hökümetiň unudylan’ suw meselesine gyssagly çözgüt tapmagyna, bu meseläniň metbugatda açyk maslahatlaşylmagyna, reallyklary açyk aýdýan adamlara ýol açylmagyna çagyrýarlar.
Harbaçymyz bilen anonimlik şertinde gürleşen hünärmenleriň birnäçesi gyş paslyndaky suwaryş işleri üçin zerur bolan suwuň ýeterlik däldigini aýtdylar.
“Ýaplarda, akabalarda suw ýok. Meselem, Lebap welaýatynyň Halaç, Garabekewül, Saýat, Farap, Dänew etraplarynda ekerançylyk ýerlerinde ýiti suw ýetmezçiligi emele geldi” diýip, hünärmen aýtdy.
Azatlyk bilen gürleşen daýhanlaryň aýtmagyna görä, Amyderýadaky suwuň gaty peselmegi netijesinde, derýadan gözbaş alýan onlarça kanala, ýaplara suw çykyp bilmeýär.
"Kanallar wagtly-wagtynda gazylmaýar"Bir tarapdan suwuň akymy peselse, ikinji tarapdan, ýaplar we kanallar wagtly-wagtynda gazylmaýar diýip, söhbetdeşlerimiz aýtdy.
Olaryň tassyklamagyna görä, ady agzalan etraplaryň köpüsinde kanallara eýýäm 15-20 ýyldan gowrak wagt bäri, kä ýerlerde sowetler döwründen bäri ýeterlik derejede ideg edilmeýär.
“Kanallar we ýaplar düýbünden gazylanok, netijede, ýylyň-ýylyna peselýän derýa suwy şol akabalara çykyp bilenok. Mundan başga, onýyllyklaryň dowamynda könelip, kuwwaty peselip, sandan çykyp barýan ýa sandan çykan suw nasoslary wagtly-wagtynda bejerilenok, täze nasoslar ýeterlik derejede satyn alnanok” diýip, çeşme derýadan gözbaş alýan akabalara suw çykmazlygynyň sebäbini düşündirdi.
Hünärmenler bu agyr ýagdaýyň Daşoguz, Mary, Ahal, Balkan welaýatlaryna hem degişlidigini aýdýarlar.
Daşoguz welaýatynyň Saparmyrat Türkmenbaşy (ozalky Oktýabr) etrabynda, Boldumsaz, Köneürgenç etraplarynyň ekerançylyk meýdanlarynda ýiti suw ýetmezçiligi duýulýar, emma häkimiýetlerden daýhanlara kömek ýok diýip, ýerli synçy Azatlygyň habarçylarynyň ençeme ýyl bäri berýän maglumatlaryny tassyklady we kärendeçileriň ekerançylyk ýerlerini köplenç zeýkeşlerde toplanan zäherli suwlar bilen suwarmaga mejbur bolýandyklaryny aýtdy.
Demirgazyk welaýatyň ekerançylyk ýerlerinde ýiti suw ýetmezçiligi, ýerli hünärmeniň pikiriçe, ilkinji nobatda Amyderýadan gözbaş alýan Türkmen we Şabat kanallarynyň suwunyň örän peselmegi bilen bagly.
"Garagum kanaly çuňňur degradasiýa ýagdaýyna geldi"Şeýle-de, häzirki suwaryş desgalary döwrüň talabyna düýbünden laýyk gelmeýär diýip, Azatlygyň söhbetdeşi aýtdy.
Mary, Ahal we Balkan welaýatlarynyň ekerançylyk meýdanlaryny we ilatyny suw bilen üpjün edýän ýeke-täk iri suw desgasy - Amyderýadan gözbaş alýan Garagum kanaly bolup, sowetler döwründe gurlan ägirt uly suw akabasy soňky onýyllyklarda çuňňur degradasiýa ýagdaýyna geldi diýip, ýerli hünärmen bu kanala hem zerur bolan idegiň, gazyş, çuňaldyş işleriniň ýeterlik derejede edilmeýändigini aýtdy.
“Garagum derýasyny yzygiderli gyrmança basýar, emma ol wagtly-wagtynda gazylmaýar, hünärmenler näçe aýtsa-da, hanasy betona ýa turba geçirilenok, netijede, müňlerçe kub metr suw Garagum çölüne siňip gidýär, müňlerçe gektar çöllük ýer sandan çykýar, çöl ekologiýasyna uly zarba urulýar” diýip, hünärmen aýtdy.
Aýdylmagyna görä, ekerançylyk ýerlerindäki suw ýetmezçiligi Mary welaýatynyň Tagtabazar, Garagum, Ýolöten, Oguzhan etraplarynda, Ahal welaýatynyň Sarahs, Babadaýhan, Derweze etraplarynda, Balkan welaýatynyň Magtymguly, Etrek, Esenguly etraplarynda has ýiti duýulýar.
Daýhanlar ekin meýdanlaryny zeýkeş suwlary ýa-da bikanun ýagdaýda çykarylýan ýerasty suwlar bilen suwarmaga mejbur bolýarlar. Ilat arasynda suw ýetmezçiligi meselesinde uly nägilelik döreýär, oba ýaşaýjylary wagtal-wagtal köpçülikleýin arz edip, etrap häkimliklerine ýüz tutýarlar.
Azatlygyň habarçylarynyň we söhbetdeşleriniň ozal hem tassyklaýşy ýaly, ýerli häkimiýetler bu meseleleri çözüp bilmeýärler we soňky wagtlarda adamlara Aşgabada we Prezidente ýüz tutmagy maslahat berýärler.
Ýerli häkimiýetler özlerine Aşgabatdan, ýokardan ýeterlik serişde, suw nasoslarynyň remonty ýa täzelenmegi üçin pul goýberilmeýändigini açyk aýdýarlar.
35 ýylda çözülmedik ýer-suw reformasy gyssagly 'çözgüt soraýar'Ýerli ýaşaýjylar we synçylar ýurtda ýer-suw reformasynyň Nyýazow döwründen bäri, ýagny tas 35 ýyldan bäri çözülmeýändigini aýdyp, ýurduň agrar we sosial-ykdysady gelejeginiň gaty gümürtikdigini öňe sürýärler we häkimiýetleriň bar bolan meseleleri tapgyrlaýyn boýun alyp, derrew çözgüt tapmaga çalyşmalydygyny aýdýarlar.
"Ilkinji mesele, bu ýurduň oba hojalygynda we suwaryş işlerinde umuman häzirki zamanyň talaplaryna laýyk gelmeýän syýasat alnyp barylýar. Häzirki klimat üýtgemesiniň, ýiti suw ýetmezçiliginiň fonunda oba hojalygynda ulanylýan suwy örän tygşytly ulanmagyň zerurdygyny aç-açan boýun almaly, bu meselede dünýä tejribesinden görelde alyp, ekerançylyk ýerlerini damjalaýyn suwaryş ulgamyna geçirmeli" diýip, ýerli hünärmen aýtdy.
Onuň pikiriçe, ilkinji nobatda aryklary we akabalary, soňy bilen ýaplary we kanallary dolulygyna, tomsuň yssysynda bugarmaz ýaly, berk plastik turbalara geçirmeli.
Garagum kanalyny hem haýdan-haý turba geçirmeli, sebäbi häzirki kyn döwürde ummasyz suwy bugardyp ýa çägä siňdirip, öňde duran kynçylyklary has çuňlaşdyrmagyň özi uly jenaýatdyr diýip, hünärmen aýtdy.
(Dowamy bar.)
Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.