Türkiýäniň Senagat we tehnologiýa ministri Mustafa Warank, paýtagt Ankara şäherinde beren beýanatynda, ýerli sanjym işlerinde ýetilen soňky sepgitler barada maglumat berdi.
Ministr Mustafa Warank, Kowid-19 epidemiýasyna garşy oýlanyp tapylan ýerli intranazal waksinanyň (Spreý waksina) şu ýylyň içinde ulanylyp başlanmagynyň maksat edinilýändigini habar berdi.
Mustafa Warank: "Kliniki synaglardan ozalky synag tapgyrlary tamamlanan ilkinji ýerli intranazal waksina dalaşgärimiz üçin birnäçe wagt soň Faz-1 adam synaglaryna başlanar. Saglygy goraýyş ministrliginiň Derman we lukmançylyk enjam guramasynyň tassyklanmagyna garaşylýar. Ähli kliniki synag tapgyrlar üstünlikli ýagdaýda tamamlananyndan soň, bu täze sanjymyň görnüşiniň şu ýylyň içinde ulanylmaga hödürlenmegine garşylýar" diýip aýan etdi.
