GOÝÇÝSM (Futbol boýunça geljekki olimpiýaçylaryň ýöriteleşdirilen çagalar-ýetginjekler sport mekdebi) topary 2010-2011-nji ýyllarda doglan ýetginjekleriň arasynda futbol boýunça geçirilen Türkmenistanyň birinjiliginiň ýeňijisi boldy. Bu barada Türkmenistanyň Futbol federasiýasynyň resmi saýty habar berýär.
Aşgabadyň topary aýgytlaýjy duşuşykda FSM Batly toparyndan 5:0 hasabynda üstün çykdy.
Üçünji orun ugrunda geçirilen duşuşykda Mary topary Lebaby ýeňlişe sezewar etdi.
Final duşuşygynyň yzysüresi geçirilen baýrak gowşurylyş dabarasynda bäsleşigiň dowamynda öňe saýlanan oýunçylaryň sylaglanyş dabarasy geçirildi.
Şeýlelikde, GOÝÇÝSM-iň oýunçysy Abdyresul Öwezow Iň ökde futbolça gowşurylýan baýraga mynasyp görüldi. Mary toparyndan Atamuhammet Gurbanow Iň ökde goragçy, FSM-Batly toparynyň derwezeçisi Niýazi Gurbanow bolsa Iň ökde derwezeçi diýlip yglan edildi.
Aşgabat köpugurly stadionynda geçirilen bäsleşikde paýtagta hem-de welaýatlara wekilçilik eden toparlarynyň sekizisi gatnaşdy.
