Ýewraziýa döwletleriniň gün tertibindäki wakalar

Ýewraziýa döwletleriniň gün tertibindäki wakalar

2023-nji ýylyň 4-nji iýulynda Şanhaý hyzmatdaşlyk guramasynyň sammiti Hindistanyň Premýer-ministri Narendra Modiniň başlyklyk etmeginde onlaýn formatda geçirildi.Sammite gurama agza we synçy döwletleriň ýolbaşçylary, BMG-niň Baş sekretary, myhman ýurt hökmünde Türkmenistanyň Prezidenti gatnaşdy.

Gurama synçy agza bolan Owganystan sammite çagyrylmady.Talibanyň Daşary işler ministrligi guramanyň nobatdaky sammitine gatnaşmak isleýändiklerini beýan etdi.Sammitde çykyş eden Gazagystanyň Prezidenti Kassym-Žomart Tokaýew, guramanyň döredilen gününden bäri guramanyň çäginde ykdysady ugurda uly göwrümli ýekeje taslamanyň iş ýüzüne geçirilmändigini beýan edip, bilelikdäki taslamalary durmuşa geçirmek üçin çagyryş etdi.

Sammitde Eýran Yslam Respublikasy gurama doly agzalyga kabul edildi.Sammitiň ahyrynda Täze Deli Jarnamasy kabul edildi we 13 resminama gol goýuldy.

Türki döwletleriň guramasynyň Baş sekretary Kubanyçbek Ömüraliýew 2023-nji ýylyň 4-nji iýulynda Belgiýa sapar gurady. Ömüraliýew Brýusselde ÝB-niň düzümlerine baryp, duşuşyklar geçirdi. Kubanyçbek Ömüraliýew Türki döwletleriň guramasynyň Brýussele sapar guran ilkinji Baş sekretarydygyny we onuň guramanyň sebitdäki hem-de halkara arenadaky güýçlenýän pozisiýasyny görkezýändigini beýan etdi.

2023-nji ýylyň 6-njy iýulynda Hindistanyň Mejlisiniň aşakky bölegi Lok Sabhanyň Başlygy Om Birla Mongoliýa Respublikasyna resmi sapar gurady. 7-nji iýulda Mongoliýanyň Mejlisiniň Başlygy Zandanşatar Gombožaw Om Birlany dabara bilen garşylady. Şol gün Mongoliýanyň Prezidenti Hýurelsýuh Uhnaa Birlany kabul etdi. Mongoliýa-Hindistan gatnaşyklary soňky ýyllarda goranyş, howpsuzlyk we mahdançylyk ýaly strategik ugurlarda ösýär.

Ukraianyň döwlet Ýolbaşçysy Wolodimir Zelenskiý geçen hepde Bolgariýa, Çehiýa we Türkiýä saparlar gurady. Zelenskiý 2023-nji ýylyň 7-nji iýulynda Türkiýä geldi. Prezident R.T.Erdogan we Zelenskiý Stambulda duşuşdylar. Saparyň çägtinde iki ýurduň arasynda birnäçe strategik ylalaşyga gol çekişildi. BMG Ukrainada söweşiň dowamynda asuda ilatdan 9 müňden gowrak adamyň ýogalandygyny beýan etdi.

2023-nji ýylyň 5-6-njy iýulynda Bakuwda Goşulyşmazlyk hereketiniň utgaşdyryjy ofisiniň ministrleriň derejesindäki maslahaty geçirildi. Maslahata 93 ýurtdan ministr we 11 halkara guramanyň wekilleri gatnaşdylar. Maslahatyň açylyş dabarasyna Azerbaýjanyň Prezidenti Ilham Aliýew hem gatnaşdy. Azerbaýjan Goşulyşmazlyk hereketiniň döwürleýin başlyklyk eden ýyllarynda guramanyň Parlamentariler hem-de ýaşlar geňeşi döredildi.

2023-nji ýylda Azerbaýjanyň Prezidenti Ilham Aliýew ýurduna resmi sapar gurama Albaniýanyň döwlet Ýolbaşçysy Baýram Begaž bilen özra we toparara duşuşyklar geçirdi. Duşuşyklarda energetika ýaly Azerbaýjan bilen Albaniýanyň arasyndaky gatnaşyklaryň ileri tutulýan ugurlary boýunça pikir alyşyldy.

Görşüňiz ýaly geçen hepde Ýewraziýa sebitinde möhüm halkara maslahatlar geçirildi. Guralan saparlar hem sebitiň geljegi taýdan möhüm ähmiýetlidi.

Ýene degişli makalalar

Putin Bilen Modi Telefon Arkaly Söhbetdeşlik Geçirdi
Putin, G-20-niň Liderler Maslahatyna Gatnaşmaz
Şu gün Hindistanda Uly ýigrimiligiň ýygnagy başlanýar
Prezident Erdogan Hindistanda Saparda Bolýar
Uly ýigrimiligiň sammiti: ýatda galyjy wakalar
Gurbanguly Berdimuhamedow Narendra Modä gutlag hatyny iberdi