Ýewraziýa  Döwletleriniň Gün Tertibindäki Wakalar

Ýewraziýa  Döwletleriniň Gün Tertibindäki Wakalar

Hepdelik tapgyrlaýyn gepleşigimiziň nobatdaky sanynda Ýewraziýa döwletleriniň gün tertibiniň ileri tutulýan ugurlary hakynda durup geçmek isleýäris.

2023-nji ýylyň 18-nji dekabrynda Wladimir Putin Russiýa Federasiýasynyň Merkezi saýlaw geňeşine dalagärlik üçin soralýan resminalaryny gowşurdy. Bu gezek Putin Prezident saýlawynda garaşsyz hökmünde bäsleşer. Beýleki tarapdan Russiýa Federasiýasynyň Kommunistik partiýasy 75 ýaşly Nikolaý Baritonowy dalaşgärlige hödürledi. Haritonow 20 ýyl ozal dalaşgär bolupdy we Putinden ýeňilipdi.

Gazagystanda ozalky Prezident Nursoltan Nazarbaýewiň 2023-nji ýylyň 18-nji dekabrynda Moskwada Wladimir Putin bilen duşuşandygy habarlarda çykdy. bir aý ozal Astanada metjidiň açylyşyna gatnaşan, 1-nji dekabrda öz ýatlamalaryny çap eden we 12-nji dekabrda Astana Klubyň maslahatynda çykyş eden Nursoltan Nazarbaýewiň soňky döwürde halkyň öňüne çykmaga başlamagy ünsleri çekýär.

2023-nji ýylyň 18-nji dekabrynda Moskwada Garaşsyz döwletleriň arkalaşygyna girýän ýurtlaryň Hökümet ýolbaşçylarynyň maslahaty geçirildi. Maslahatyň ahyrynda käbir ylalaşyklara gol çekildi. Samarkand şäheri 2024-nji ýylda GDA-nyň Medeniýet paýtagty diýlip yglan edildi. Hökümet ýolbaşçylary halkara “Russiýa” sergisine baryp gördüler.

2023-nji ýylyň 18-nji dekabrynda Türkiýäniň Prezidenti R.T.Erdogan Wengriýa resmi sapar etdi.Prezident Erdogan Budapeştde Wengriýanyň Prezidenti Katalin Nowak tarapyndan resmi dabara bilen garşylandy.Prezident Erdogan Wengriýanyň Prezidenti Nowak we Premýer-ministr Wiktor Orban bilen duşuşyklar geçirip, Türkiýe-Wengriýa Ýokary derejeli strategik hyzmatdaşlyk geňeşiniň 6-njy mejlisine gatnaşdy.

Geçirilen duşuşyklaryň netijesinde Türkiýe bilen Wengriýanyň arasynda 17 ylalaşyga gol çekildi.Saparyň çäginde Prezidentleriň gatnaşmagynda 2024 Türkiýe-Wengriýa Medeniýet ýylynyň açylyş dabarasy geçirildi.

2023-nji ýylyň 19-20-nji dekabrynda Türkiýäniň Prezidentiniň orunbasary Jewdet Ýylmaz Azerbaýjana resmi sapar etdi. Prezidentiň orunbasary Bakuwda Azerbaýjanyň Prezidenti İlham Aliew, MEjlisiň Başlygy Sahiba Gafarowa, Premýer-ministri Ali Asadow bilen duşuşyklar geçirdi. Ýylmaz şeýle hem Bakuwda işewür dünýäsiniň wekilleri bilen duşuşdy.

Kataryň Emiri Şeýh Tamim bin Hamad al-Tani 19-njy dekabrda Özbegistana iş saparyny gurady. Özbegistanyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew Kataryň Emirini howa menzilinde garşylady. Geçirilen iki taraply duşuşyklaryň netijesinde iki ýurduň gatnaşyklaryň ýeten sepgidine kangatlanma bildirildi. Liderler Daşken Sitide gurlan Galplyklara garşy göreş ýadygärligini açdylar. Prezident Mirziýoýewe Galplyklara garşy göreş ordeni gowşuryldy.

22-nji dekabrda Gruziýanyň Mejlisiniň Başlygy Şalwa Papuaşwili Ermenistana resmi sapar etdi. Papuaşwili Ýerewanda Ermenistanyň Mejlisiniň Başlygy Alen Simonýan bilen duşuşdy.

Gazagystanda Bahty-Aýagöz demir ýol liniýasynyň gurluşygyna başlandy. 272 kilometrlik gurluşyk 2027-nji ýylda gurlup gutarylanda, Gazagystan Hytaý Halk Respublikasy bilen üçünji gümrük gapysyny açar. Gazagystan we Hytaý üçünji gümrük geçelgesini açyp, ýük gatnatma ukybyny 28 million tonnadan 48 million tonna ýetirmegi maksat edinýär.

Ýene degişli makalalar

Türki döwletlerde başdan geçirlen soňky wakalar
Azerbaýjanyň Premýer-ministri Ali Asadow Türkiýä Geldi
Azerbaýjanyň Premýer-ministri Ali Asadow Türkiýede Saparda Bolýar
Prezident Erdogan, Azerbaýjanyň Premýer-ministrini Kabul Etdi
Türki Döwletleriň Gün Tertbindaki Wakalar
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny