Ýewraziýa ýurtlarynyň gün tertibiniň ileri tutulýan ugurlary

Ýewraziýa ýurtlarynyň gün tertibiniň ileri tutulýan ugurlary

2023-nji ýylyň 11-nji sentýabrynda Gazagystanyň Prezidenti Kassym-Žomart Tokaýew, Türkiýe Respublikasynyň Daşary işler ministri Hakan Fidany kabul etdi. Kabul edilşikde Gazagystan bilen Türkiýäniň arasyndaky özara gatnaşyklar bilen birlikde Türki döwletler guramasynyň liderler maslahaty üçin görülýän taýarlyklar ara alnyp maslahatlaşyldy.

2023-nji ýylyň sentýabr aýynyň 11-14-i aralygynda Azerbaýjanyň Milli Mejlisiniň başlygy Sahiba Gafarowa Bolgariýada we Wengriýada saparda boldy. Bolgariýanyň Prezidenti Rumen Rade we Wengriýanyň Prezidentşi Kataline Nowak bilen duşuşan Sahiba Gafarowa, 5-nji Budapeşt sammitine gatnaşdy.

2023-nji ýylyň 11-nji sentýabrynda Mongoliýanyň Mejlisiniň başlygy Gombožaw Zandanşatar Günorta Koreýada saparda boldy. Günorta Koreýaly parlamentarlar bilen duşuşan Mejlisiň başlygy Zandanşatar Halkara galkynyş konferensiýasyna gatnaşdy.

2023-nji ýylyň sentýabr aýynyň 12-17-i aralygynda Demirgazyk Koreýanyň lideri Kim Çen In Russiýada saparda boldy. Kim Çen In 13-nji sentýabrda Russiýanyň döwlet Ýolbaşçysy Wladimir Putin bilen duşuşdy. Kim Çen In, Rus lideri Putini, Demirgazyk Koreýa çagyrdy.

2023-nji ýylyň 14-nji sentýabrynda Täjigistanyň Duşenbe şäherinde Merkezi Aziýa ýurtlarynyň döwlet baştutanlarynyň 5-nji maslahaty geçirildi.Maslahata Gazagystanyň, Gyrgyzstanyň, Özbegistanyň, Täjigistanyň, Türkmenistanyn we Azerbaýjanyň prezidenti gatnaşdy.

Azerbaýjanyň Prezidenti Ilham Aliýew bilen Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow hem maslahata hormatly myhman hökmünde gatnaşdy.Gurbanguly Berdimuhamedow Abraý ordeni bilen sylaglandy.Maslahata gatnaşan liderler şol gün EXPO Merkezi Aziýa-2023 sergisigine hem baryp gördi.

Maslahatyň çäginde iki çäk duşuşyklar geçirildi.

2023-nji ýylyň 14-nji sentýabrynda Hytaý Halk Respublikasynyň Kabuldaky ilçisi Çao Şen Talibanyň ýolbaşçylygyndaky hökümetiň Premýer-ministriniň wekili Muhammed Hasan Ahunda ynanç hatynyň nusgasyny gowşurdy. Şeýlelikde Hytaý, dünýäde Taliban hökümeti resmi taýdan ykrar eden ilkinji döwlet boldy.

2023-nji ýylyň 15-nji sentýabrynda Duşenbe şäherinde Halkara Araly halas ediş gaznasynyň maslahaty geçirildi. Maslahata Gazagystanyň, Özbegistanyň, Täjigistanyň we Türkmenistanyň Prezidenti bilen Gyrgyzstanyň Premýer-ministri gatnaşdy. Maslahatyň çäginde 4 şertnama baglaşyldy.

Russiýanyň döwlet Ýolbaşçysy Wladimir Putin 2023-nji ýylyň 15-nji sentýabrynda Soçide Belarusyň Prezidenti Aleksandr Lukaşenko bilen duşuşdy.

GD! 2023-nji ýylyň 9-njy sentýabrynda Garabagda geçirlen prezident saýlawy diýilýän saýlaw, Ýewraziýa ýurtlary tarapyndan ýazgaryldy we ady agzalýan ýurtlar Azerbaýjanyň territorial bitewiligine goldaw berýändiklerini mälim etdi.

2023-nji ýylyň 11-nji sentýabrynda Ermenistanyň Prezidenti Nikol Paşinan, Prezident R. T. Erdogan bilen telefon arkaly söhbetdeşlik geçirdi. Prezident Erdoganyň, Paşinýana Putiniň, Erdoganyň, Aliýewiň we Paşinýanyň gatnaşmagynda dörttaraplaýyn maslahatyň geçirilmegini teklip edendigi nygtaldy. Premýer ministr Paşinýan Politiko beren beýannamasynda, Ukrainadaky söweş sebäpli Ermenistanyň özüni indi howpsuzyk meselsinde Russiýa ynam bildirip bilmejekdigini mälim etdi.

Geçen hepde Ýewraziýa geografiýasynda sebitleýin bitewiligi jebisleşdirjek möhüm saparlar guraldy we maslahatlar geçirildi. Garabag bilen arabaglanşykly Günorta Kawkazdaky mesele bolsa gün tertibinde esasy orun eýelemäge dowam edýär.

Ýene degişli makalalar

Garabagyň hekaýaty
Russiýanyň Daşary işler ministri Garabag bilen bagly beýanat berdi
Rus Harby Bazasynyň Ermenistana Haýsydyr Bir Goşandy Ýok
Ermenistan, Russiýa Nota Berdi
Ermenistanyň Premýer ministri Azerbaýjan bilen bagly beýanat berdi
Owganystanda Metjide Guralan Hüjümde 6 Adam Ýogaldy