Ýewropa Bileleşiginiň Gyş kubogy 2023 ýaryşynyň ýeňijileri belli boldy

Ýewropa Bileleşiginiň Türkmenistandaky wekilhanasynyň guran bu çäresi Adam hukuklary gününiň baýramyna we Adam hukuklarynyň ählumumy Jarnamasynyň kabul edilmeginiň 75 ýyllygyna bagyşlandy. Ýaryşyň mowzugyna laýyklykda, toparlar Ýewropa Bileleşiginiň ýurtlary we dünýäde adam hukuklary ýörelgesi bilen baglanyşykly ýörite taýýarlanan sowallara jogap bermelidi.

Intellektual bäsleşige Türkmenistanyň uly ýaşly we zehinli ýaşlardan ybarat 20-den gowrak topar gatnaşdy.Bu oýna Türkmenistanyň at gazanan artisti Wladimir Mkrtumowdan, Aşgabadyň toparlarynyň wekilleri Köne Gwardiýa toparyndan Roman Bespalowdan we Altyn Asyr toparyndan Sapar Annarejepowdan ybarat eminler baha berdiler.

Ýaryş üç tapgyrda geçirildi. Oýunlary alyp baryjy Hemra Atabaýew sowallary iki türkmen we rus dillerinde okady.

Ilkinji iki tapgyrda has köp soraga dogry jogap beren birnäçe topar öňe saýlandy. Ýöne finala Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetine wekilçilik edýän Şokolad hüwi we Triumf toparlary çykdylar. Olar ýaryşyň çempiony bolmak ugrunda bäsleşdiler.

Ýeňijini kesgitlemek üçin 6 utuga çenli jemleýji oýun has dartgynly boldy. Toparlaryň islendigi ýeňiş gazanyp biljekdi.

Şokolad hüwi ilkinji bolup gerekli utuk toplap, Gyş kubogy 2023-iň ýeňijisi boldy.

Toparymyzyň döremegine belli bir derejede Ýewropa Bileleşiginiň Gyşky Kubogy sebäp boldy.Ilkinji üstünlikli intellektual oýnumyzy 2021-nji ýylyň 19-njy dekabrynda ÝeB kubogynda oýnapdyk.Bu ýaryş bize toparyň agzalary Dawut Yklymowyň, Sewil Tagiýewanyň, Anastasiýa Kostinanyň, Swetlana Çirsowanyň sazlaşykly işiniň netijesi bolan ýakymly we garaşylmadyk ýeňiş getirdi.

Kimiň yhlasy güýçli bolsa, şolam ýeňýändir.Emma garşydaş toparlar gowy oýun görkezdiler. Ýigitler gaty gowy oýnadylar we arkaýynlaşmaga maý bermediler diýip Şokolad hüwi toparynyň kapitany Gleb Andreýew gürrüň berdi.

Netijede Gyş kubogy 2023-iň netijelerine görä, Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň wekilleriniň Triumf topary ikinji ýeri eýeledi. Üçünji orna Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň talyplarynyň N’Z’ Best Team topary mynasyp boldy.

Ýene degişli makalalar

Berdimuhamedow Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygy mynasybetli köp sanly watandaşlaryna döwlet sylaglaryny berdi
Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 31 ýyllyk baýramy mynasybetli döwlet sylaglary bilen sylaglamak hakynda
Söýgi hakda...: Resul Gylyjow we türkmen sahnasynyň ýyldyzlary täze konsert berdiler
A.S. Puşkin adyndaky teatr hakda monologlar: Olga Wolkowanyň durmuş ýolundan parçalar
2020-2021-nji ýyllar: pandemiýanyň getiren agyr ýagdaýy awtoritarizmi güýçlendirýär
Altyn asyryň altyn zehinleri atly bäsleşigiň döwlet tapgyry geçirildi