Ýewropa komissary: TürkmenistanAziýa bilen Ýewropanyň arasynda ygtybarly ulag köpri

Ýewropa komissary: TürkmenistanAziýa bilen Ýewropanyň arasynda ygtybarly ulag köpri

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow penşenbe güni Hazarüsti ulag geçelgesiniň utgaşdyryjy platformasyny işe girizmek boýunça ýokary derejeli duşuşyga gatnaşmak üçin sapar bilen gelen Ýewropa Bileleşiginiň (ÝB) halkara hyzmatdaşlyk boýunça komissary Ýutta Urpilaýneni kabul etdi. Duşuşygyň barşynda ÝB-niň komissary Aziýa bilen Ýewropanyň arasyndaky ygtybarly ulag köprüsi hökmünde Türkmenistanyň ornuny aýratyn nygtady.

Türkmenistanyň resmi metbugatynyň habar bermegine görä, Serdar Berdimuhamedow syýasy, ykdysady, ynsanperwer ulgamlardaky hyzmatdaşlygyň ähmiýetini bellemek bilen, “Merkezi Aziýa ÝB” görnüşdäki hyzmatdaşlygyň üstünlikli ösdürilýändigini nygtady.

Taraplar Türkmenistanyň sebit hyzmatdaşlary we halkara guramalary bilen bilelikde ösdürýän Demirgazyk-Günorta we Gündogar-Günbatar ýaly geljegi uly ulag geçelgelerini giňeltmegiň mümkinçiliklerini maslahatlaşdylar. Türkmenistanyň döwlet Baştutany bu ugurlaryň Ýewraziýa yklymynda ykdysady gatnaşyklary berkitjekdigine ynam bildirdi.

Duşuşygyň ahyrynda taraplar birek-birege iň gowy arzuwlaryny beýan edip, geljekde hem hyzmatdaşlygyň üstünlikli dowam etdirilmegine ynam bildirdiler.

Ýene degişli makalalar

Brýusselde Türkmenistanyň üstaşyr-logistika mümkinçiliklerine we onuň Ýewropa bilen Aziýanyň arasynda arabaglanyşygy pugtalandyrmakdaky ornuna bagyşlanan çäre geçirildi
Türkmenistan Türki döwletleriň guramasyna agza döwletleriň hökümet baştutanlarynyň/wise-prezidentiniň ikinji duşuşygyna gatnaşdy
Türkmenistanyň wekiliýeti BMG-niň Ýewropa ykdysady komissiýasynyň Içerki ulag boýunça komitetiniň 88-nji mejlisine gatnaşýar
Türkmenistanlylar Eýrandaky wakalara umytly we aladaly garaýarlar
Türkmenistan Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Sebit Meýilleşdiriş Geňeşiniň 36-njy mejlisine gatnaşdy
Saud Arabystanynа barýan Russiýanyň ýük otlusy Türkmenistanyň çäginden geçdi