Ýewropa Ykdysady Komissiýasynyň Durnukly energetika bölüminiň direktory kabul edildi

Ýewropa Ykdysady Komissiýasynyň Durnukly energetika bölüminiň direktory kabul edildi

Şu gün Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary Mähri Bäşimowa bilen BMG-niň Ýewropa Ykdysady Komissiýasynyň (BMG ÝYK) Durnukly energetika bölüminiň direktory Dario Ligutiniň arasynda duşuşyk geçirildi.

Türkmenistanyň DIM-niň resmi saýtynda berilýän habara görä, duşuşygyň dowamynda ýaşyl energiýa, durnukly energiýa we metanyň zyňyndylaryny azaltmak boýunça hyzmatdaşlygyň mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy we öňüsyrasynda Aşgabatda geçirilen Göni gepleşik: Türkmenistanda gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmeleri bilen tebigy gazyň arasyndaky sinergiýa atly duşuşygynyň netijeleri barada bellenildi.

Ministriň orunbasary Türkmenistanyň Prezidentiniň baştutanlygynda türkmen tarapynyň Dubaýda geçirilen BMG-niň Howanyň üýtgemegi baradaky COP28 Çarçuwaly konwensiýasyna gatnaşyjy taraplaryň maslahatyna gatnaşandygyny we Türkmenistanyň Ählumumy metan borçnamasyna goşulmak bilen ählumumy meseleleri çözmäge ygrarlydygyna ünsi çekdi.

Habarda bellenilişi ýaly, taraplar 2024-nji ýylyň mart aýynda Ženewada geçiriljek Ählumumy metan forumyna, şeýle hem forumyň çäginde geçiriljek Merkezi Aziýada metanyň zyňyndylaryny azaltmak boýunça tegelek stol maslahaty barada nygtadylar.

Gepleşigiň dowamynda BMG ÝYK-yň gün we ýel energiýasy babatda bilermenlik goldawy, şeýle hem energiýany saklamak we geçirmek üçin öňdebaryjy tehnologiýalary işläp taýýarlamakdyr ornaşdyrmak babatda özara hyzmatdaşlyk meselelerine garaldy diýlip, habarda bellenilýär.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistan durnukly ulag ulgamy boýunça täze başlangyçlar bilen çykyş edýär
Türkmenistanda durnukly energiýa boýunça Halkara forum geçirmegiň mümkinçiligi ara alnyp maslahatlaşyldy
BMG-niň Ýewropa ykdysady komissiýasynyň durnukly energetika bölüminiň direktory bilen duşuşyk
Demirgazyk-Günorta ulag geçelgesiniň geçirijiligini 15 million tonna ýetirmek meýilleşdirilýär
Hazar deňzi sebitindäki ulag we söwda gatnaşyklary ara alnyp maslahatlaşyldy
Türkmenistanyň BMG-niň ýanyndaky wekilhanasynda Hazar sebitinde ulag we söwda gatnaşyklaryna bagyşlanan onlaýn duşuşyk geçirildi