Ýewropada haýsy çempionat haçan başlaýar?

Ýewropa futbolynda yklymyň birinjiligi ugrundaky ýaryş tamamlandy. Indi ähli ünsler milli çempionatlarda. Ähli futbol janköýerleri yklymyň öňdebaryjy çempionatlarynyň täze möwsümleriniň başlamagyna sabyrsyzlyk bilen garaşýar.

Çempionata gatnaşan futbolçylaryň käbirleri dynç alyşda bolsa, käbirleri-de klublary bilen ýokary depginde türgenleşikler geçirýär. Az sanly bolsa-da käbirleri Olimpiýa oýunlarynda çykyş edýär. Şol bir wagtyň özünde-de UEFA-nyň klub bäsleşikleriniň saýlama tapgyrlary geçirilýär. Mahlasy, täze möwsüme taýýarlyk ýokary depginde dowam edýär. Eýsem Ýewropanyň öňdebaryjy çempionatlarynyň täze möwsümine haçan badalga berilýär.

UKRAINADA, RUSSIÝADA ÇEMPIONAT ŞU GÜN BAŞLAÝAR

Täze möwsüme başlajak çempionatlaryň ilkinji Ukraina bilen Russiýanyň çempionatlary bolup, “Premýer Liga” atly çempionatlaryň ikisi-de şu gün başlanýar. “Rostow”“Dinamo M” (22:00) duşuşygy bilen Russiýanyň, “Lwow”“Mariupol (21:30) duşuşygy bilen Ukrainanyň “Premýer Ligasy” badalga alar.

ÝEWROPANYŇ “TOP 5” LIGALARY AWGUST AÝYNDA

Ýewropanyň öňdebaryjy çempionatlaryndan Fransiýanyň “Ligue 1” çempionaty 8-nji awgustda başlar.Futbol janköýerleriniň iň köp garaşýan çempionatlaryndan Ispaniýanyň “La Ligasy” hem-de Germaniýanyň “Bundesligasy” we Angliýanyň “Premier Ligasy” awgust aýynyň ikinji hepdesiniň ahyryna badalga alar. “La Liga” bilen “Bundesliganyň” täze möwsümleri 13-nji awgustda bat alsa, köpleriň iň söýgüli çempionaty Angliýanyň “Premier Ligasy-da” 13-nji awgustdan 14-nji awgusta geçilýän gije “Brentford”“Arsenal” duşuşygy bilen täze möwsüme başlar. Ýeri gelende aýtsak, täze möwsümiň ilkinji hepdesiniň iň esasy duşuşygy “Tottenham” bilen “Mançester Sitini” arasynda bolar (15-nji awgust, 20:30). Ýewropanyň öňdebaryjy çempionatlarynyň ýene biri Italiýanyň “A-Seriýasy” bolsa iň soňky başlaýan liga bolup, ol 21-nji awgustda soň çempion “Inter” bilen “Jenoanyň” özara duşuşygy bilen täze möwsüme badalga alar.

BEÝLEKILER

Bulardan başga-da Belgiýanyň “Jupiler Ligasy” 23-nji iýulda, Şotlandiýanyň “Premier Ligasy” 31-nji iýulda, Portugaliýanyň “Premeira Ligasy” 7-nji awgustda, Niderlandlaryň “Erediwiziýasy” 13-nji awgustda, Türkiýäniň “Super Ligasy” 15-nji awgustda başlar.

Ýene degişli makalalar

Gysga setirlerde: 20-nji fewraldaky sport habarlary
Serdar Azmun Türkmenistana garşy oýna gatnaşmak üçin Eýranyň ýygyndysyna çagyryldy
“Galatasaraý” 2 oýunçyny transfer etdi
Top-5 çempionatlarynyň düýnki oýunlary barada gysgaça
Meşhur çagalar kitaphanalary
Dünýä ykdysadyýetiniň çylşyrymly ýagdaýlary sebäpli nebitiň bahalary 3% peseldi