Ýewropanyň iň gowy medeni ugry mälim edildi

Ýewropanyň iň gowy medeni ugry mälim edildi

“Travel Tomorrow” neşiriniň habar bermegine görä, Kipriň paýtagty Nikosiýa “European Best Destinations” (EBD) guramasynyň reýtinginde 2026-njy ýyl üçin Ýewropanyň iň gowy medeni ugry diýlip saýlandy.

EBD guramasy şäheriň bu üstünligini şeýle häsiýetlendirdi: “Taryhy we innowasiýany, döredijiligi we jemgyýetçilik gatnaşygyny, däp-dessurlary we batyrgaý medeni maksatnamalary özünde jemleýän Nikosiýa, şu günki günde Ýewropanyň iň özboluşly medeni merkezleriniň biridir”.

Şeýle hem, gurama grek we türk medeniýetleriniň utgaşmasynyň şäheriň reýtingde birinji orny eýelemeginde iň möhüm faktorlaryň biri bolandygyny belledi.

Sanawda ikinji orny Florensiýa (Italiýa), üçünji orny Wena (Awstriýa) eýeledi. Ilkinji onluga şeýle hem Lýöwen (Belgiýa), Şibenik (Horwatiýa), Werona (Italiýa), Tomar (Portugaliýa), Ruan (Fransiýa), Oksford (Beýik Britaniýa) we Gras (Awstriýa) girdi.

Hünärmenleriň reýtingiň finalçylaryny medeni mirasyň gymmaty, döwrebap döredijilik, myhmanlaryň täsirleri we halkara ähmiýeti esasynda saýlap alandyklary bellenilýär. Ahyrky netijeler dünýäniň 131 ýurdundan 22 müň syýahatçynyň ses bermegi arkaly kesgitlendi. Şunlukda, Nikosiýa 20 baldan 18.6 bal toplap, iň ýokary umumy baly aldy.

Ýene degişli makalalar

Türkiýe DKTR-na ýangyn söndürme dikuçaryny ugratdy
Kipr görülmedik yssyny başdan geçirýär
Türkiýe we DKTR bilelikde gözleg we halas ediş türgenleşigini geçirdiler
Türkiyäniň Gazimagusadaky baş konsullygy käbir hyzmatlary bermäge başlady
Ersin Tatar: "Grekleriň ýaraglanmagy sebitde hiç kime peýdasy bolmaz" diýdi
“Kipr Türk Halkynyň Deň hukukly Özygtyýarlygy we Halkara Statusy Ykrar Edilmeli”