Ýewropanyň meşhur Täze ýyl bazarlary

Belgiýanyň paýtagty Brýusseliň şäher merkezindäki Grand Palace meýdançasynda her ýyl Roždestwo we Täze ýyl baýramçylyklary üçin ýörite bazar guralýar.Bu bazarlarda jahankeşdeler üçin, esasan hem, elde ýasalan, tikilen harytlar satuwa çykarylýar.

Galyberse-de, bazaryň çägindäki buz meýdançasy, dürli yşyklar bilen bezelen gezelenç ýodalary, äpet arça agajy, ýörite guralýan konsertler bu ýere gelenleri özüne maýyl edýär.Belgiýanyň dünýä belli waffle kökeleri, şokolad önümleri bazara gelýänleriň iň köp satyn alýan harytlarydyr.

Brýusseldäki baýramçylyk bazarynyň ýene bir aýratynlygy-da, her ýyl Ýewropanyň bir şäheri myhman şäher hökmünde saýlanýar. Şol myhman şäheriň ýaşaýjylary Brýussele baryp, özleriniň medeniýetini, däp-dessurlaryny, taryhy aýratynlyklaryny Grand Palace meýdanyna ýygnananlara görkezýärler.

Daniýanyň paýtagty Kopengageniň taryhy ýerleriniň biri bolan Tiwoli seýilgähler toplumy diňe bir Täze ýylyň bosagasynda däl, eýsem, tutuş ýylyň dowamynda-da gelim-gidimli ýerleriň biri bolmagy bilen tapawutlanýar.Noýabr aýynyň 2-nji hepdesinden soň bu seýilgähler toplumy Roždestwo we Täze ýyl baýramçylyklarynyň bezegleri bilen bezelip başlanýar.

Aýratyn-da, 7 kilometre uzap gidýän yşykly bezegler görenleri haýran galdyrýar.Bu özboluşly bazaryň iň köp isleg bildirilýän harytlarynyň hatarynda ýurduň iň meşhur tagamlarynyň biri bolan mürepbeli donutlary görkezmek bolar.

Germaniýanyň islendik şäherinde-de Roždestwo we Täze ýyl baýramçylyklaryna bagyşlanan bazarlara aýratyn üns berilýär. Ýöne olaryň arasynda iň meşhury Drezdendäki baýramçylyk bazary hasaplanýar.Sebäbi bu ýerde Saksoniýanyň iň ökde zynatçylarynyň el hünärinden kemala gelen sowgatlyk harytlar, milli önümler köpçülige hödürlenýär. 1434-nji ýyldan gözbaş alýan bu bazaryň köp adamly bolmagynyň esasy sebäpleriniň ýene-de biri dört tonnalyk miweli keksiň taýýarlanýandygydyr.

Drezdeniň baýramçylyk bazarynda

200-den gowrak biri-birinden owadan diwarlyklar bolup, bazaryň iň görnükli ýerinde jahankeşdeleriň ünsüni özüne çekýän 15 metrlik Roždestwo piramidasy gurulýar.

Çehiýanyň paýtagty Pragada iki bazar has köp ünsi çekýär.Olaryň biri şäheriň ozalky merkezindäki meýdançada, beýlekisi-de Wenseslas meýdanynda ýerleşýär.Köne şäher meýdanyndaky bazar orta asyrlary ýadyňa salýar.

Bu ýerdäki ähli zat mundan 500-600 ýyl ozalky durmuşy janlandyrýar.Beýleki bazarda-da çehleriň dünýä belli gurjaklary, Bohemiýa hrustallary, elde ýasalan tagta oýnawaçlary esasy harytlar bolup, jahankeşdeler bu önümlere uly isleg bildirýärler.

Kişmişli çörekler baýramçylyk bazarynda iň köp satylýan azyk önümleriniň biridir.

Awstriýanyň iri şäherleriniň biri bolan Salsburgdaky Christkindlmarkt bazary XV asyrdan bäri halka hyzmat edip gelýär. Şol döwürde zenanlaryň el işleriniň satylyp başlanmagyndan soň peýda bolan bu bazaryň merkezindäki köne gala hem onuň görküne görk goşýar.

Tüýli şypbyklar, ýüňden dokalan egin-eşikler, galaýydan ýasalan sowgatlyklar bazary tapawutlandyrýan harytlar bolup durýar.Baýramçylyk bazarynda satylýan zenjebilli çörekleriň tagamyna-da jahankeşdeler ýokary baha berýärler.

Ýene degişli makalalar

Drezdende äpet taze ýyl şirinnany taýýarlandy
Durdy Baýramow: nakgaş barada ýatlamalardan
26.09.2017 | “Aşgabat 2017” oýunlarynyň açylyş dabarasynda janlandyrylan türkmen taryhy: Gadymy Merw we Oguzhan
“Aşgabat 2017” oýunlarynyň açylyş dabarasynda janlandyrylan türkmen taryhy: Gadymy Merw we Oguzhan
Gorkut ata (Dädem Gorkut) dessany adamzadyň medeni miraslar sanawyna girizildi
Germaniýaly aýdymçylar Aşgabatda Roždestwo konsertini berdiler