Ýewropanyň söwda wekiliýetiniň Türkmenistana sapary meýilleşdirilýär

Ýewropanyň söwda wekiliýetiniň Türkmenistana sapary meýilleşdirilýär

Türkmenistanyň Belgiýadaky ilçisi Sapar Palwanow çarşenbe güni Flandriýanyň maýa goýum we söwda agentliginiň sebitleýin ýolbaşçysy Piter Werplanken bilen geçiren duşuşygynda taraplar Ýewropanyň söwda wekiliýetiniň Türkmenistana saparyny guramagy maslahatlaşdylar.

Türkmenistanyň Belgiýadaky Ilçihanasynyň habar bermegine görä, bu saparyň Ýewropa kompaniýalaryna geljegi uly türkmen bazarynda öz ornuny giňeltmek üçin mümkinçilik döretmegine garaşylýar.

Şeýle hem duşuşykda ikitaraplaýyn söwda-ykdysady gatnaşyklary çuňlaşdyrmagyň ýollary ara alnyp maslahatlaşyldy.

Flandriýanyň maýa goýum we söwda agentligi (FIT) Flandriýada ýerleşýän kompaniýalara eksport amallaryny ýerine ýetirmäge ýardam edýär we sebite daşary ýurt kompaniýalaryny hem-de maýa goýumlaryny çekýär.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistan we ÝB geljekki ýokary derejeli duşuşyklaryň gün tertibini maslahatlaşdylar
Ýewropanyň söwda wekiliýetiniň Türkmenistana saparyna garaşylýar
“CAMCO Technologies” kompaniýasy türkmen bazaryna girmäne gyzyklanma bildirýär
“CAMCO Technologies” kompaniýasy türkmen bazaryna girmäge gyzyklanma bildirýär
Golland kompaniýalary Türkmenistana oba hojalyk sapary bilen gelmegi meýillşdirýärler
Türkmenistan we ÝB ekologiýa hyzmatdaşlygyny ösdürmegi maslahatlaşdylar