Ýewroparlamentiň agzalary lukman Ismatullaýewanyň tussag edilmeginiň ýyl dönüminde ony boşatmaga türkmen häkimiýetlerini çagyrýarlar

Ýewroparlamentiň agzalary lukman Ismatullaýewanyň tussag edilmeginiň ýyl dönüminde ony boşatmaga türkmen häkimiýetlerini çagyrýarlar

Ýewropa Parlamentiniň, adam hukuklaryny goraýjylaryň we garaşsyz jurnalistleriň türkmen lukmany Hursanaý Ismatullaýewanyň tussag edilmegine bir ýyl dolmagy bilen ilteşikli beýannamasy

16-njy iýulda Türkmenistanly lukman zenan Hursanaý Ismatullaýewanyň tussag edilendigine bir ýyl dolýar. Ol Ýewropa Parlamentiniň mejlisinde maslahat edilen iş jedelleri bilen ilteşikli özüne berilen 9 ýyl turme tussaglygy möhletini ýerine ýetirýär.

Ismatullaýewa 2017-nji ýyla çenli Ahal welaýatynyň Gökdepe etrabynyň “Ene mähri” merkezinde işleýärdi. Ony bikanun işden boşatdylar we lukman zenanyň öz wezipesini adalat ýoly bilen täzeden dikeltmek synanyşyklary şowsuz boldy.

Ismatullaýewa 2020-nji ýylyň güýzünde jurnalistlere ýüzlendi. Onuň jikme-jik taryhy çap edildi.Ilkibaşda häkimiýetler hiç-hili reaksiýa bildirmediler: lukman işine täzeden dolanmady,emma ol yzarlanmady.

Ýöne, 2021-nji ýylyň 15-nji iýulynda onuň başdan geçirenleri Ýewropa Parlamentiniň Merkezi Aziýada ynsan hukuklary mowzugyna bagyşlanan onlaýn maslahatynda agzaldy. Şol günüň ertesi Ismatullaýewanyň öýüne ýörite gulluklaryň on sany wekili gelip,ony näbelli tarapa alyp gitdiler.

Mundan soňra mälim bolmagyna görä, lukman hamana,talaňçylyk bilen ilteşikli tussag edilipdir.

Ol 2016-2018-nji ýyllarda kömek eden garry adamynyň jaýyny bikanun ýol bilen öz adyna geçirenlikde aýyplandy.

Aşgabat şäheriniň Büzmeýin etrap kazyýetinde,kazy Amanmuhammet Işangulyýewiň 2021-nji ýylyň 7-nji sentiýabrynda ýolbaşçylyk eden diňleýşinde Ismatullaýewa 9 ýyl türme tussaglygyna höküm edildi.

Biz Türkmenistanyň täze prezidenti, onuň alyhezretleri Serdar Berdimuhamedowyň müşterileriniň uly baha beren, emma ýolbaşçysy halamadyk lukmanyň jenaýat işine täzeden seretmegine çagyrýarys.Onuň garaşsyz KHS-niň jurnalistlerine ýüzlenendigi,bikanun işden boşadylandygy we öz işine täzeden dolanmak synanyşyklary Ismatullaýewanyň söz azatlygyny hem özüniň zähmet hukuklaryny goramagy bolup durýar.Munuň üçin ony köp ýyllyk türme tussaglygy bilen jezalandyrmaly däl.

Biz Türkmenistanyň häkimiýetlerini Hursanaý Ismatullaýewany türmeden boşatmaga we bikanun karar bilen ondan ar almaga synanyşanlary jogapkärçilige çekmäge çagyrýarys.

Heýdi Hautala, Ýewropa Parlamentiniň wise-prezidenti,

Helmut Şols, Ýewropa Parlamentiniň deputaty,

Petras Auştrewiçýus, Ýewropa Parlamentiniň deputaty,

Ruji Tun und Hoenştaýn, Ýewropa Parlamentiniň deputaty,

Isabel Santos, Ýewropa Parlamentiniň deputaty,

Ruslan Mätiýew, Türkmen News (Niderlandlar)

Farid Tuhbatullin, Adam hukuklary boýunça Türkmen Inisiatiwa topary (Awstriýa),

Reýçel Denber, HRW (ABŞ),

Brijit Dýufur, Adam hukuklary boýunça Halkara hyzmatdaşlyk (Belgiýa)The post Ýewroparlamentiň agzalary lukman Ismatullaýewanyň tussag edilmeginiň ýyl dönüminde ony boşatmaga türkmen häkimiýetlerini çagyrýarlar first appeared on Türkmenistanyň Hronikasy.

Ýene degişli makalalar

Ýewropa parlamentiniň agzalary Türkmenistanda lukman Ismatullaýewanyň tussag edilmegine çuňňur alada beýan etdi
Iýmitlenmek hukugy. Marynyň ýaşaýjylary ir sagat 4-den başlap azyk nobatyna durýarlar
HRW: Repressiýalaryň fonundaky Aziýa oýunlary
"Döwlet dükanlary boş". Türkmenistan ilatynyň iýmit hukugyny berjaý etmeýär
Milli Boksçylar Uly Üstünlik Gazandy.
Hassahana ýerleşdirilenden soň, Peläniň ýagdaýy durnuklaşdy