Ygtybarly hem durnukly ösüşiň binýady

Ygtybarly hem durnukly ösüşiň binýady

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe hormatly Prezidentimiziň parasatly ýolbaşçylygynda türkmen halkynyň hal-ýagdaýynyň ýokarlanmagyna we ýurdumyzyň durnukly ykdysady ösüşini üpjün etmeklige gönükdirilen durmuş-ykdysady syýasat alnyp barylýar. Bu wezipeleri amala aşyrmak üçin milli Liderimiziň beýik başlangyjy bilen bazar gatnaşyklaryna tapgyrlaýyn esasynda geçmekligi özünde jemleýän, ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek boýunça orta we uzak möhletli maksatnamalar durmuşa geçirilýär.

1993-nji ýylyň 1-nji noýabrynda milli manadymyzyň dolanyşyga girizilmegi taryhy waka boldy. Hormatly Prezidentimiziň belleýşi ýaly, milli manadymyzyň dolanyşyga girizilmegi ykdysadyýetimiziň sazlaşykly ösüşi, ýeke-täk döwlet pul-karz syýasatynyň alnyp barylmagy üçin zerur bolan amatly şertleri döretdi.

Gahryman Arkadagymyzyň badalga beren beýik özgertmeleri, dürli möhletlere niýetlenip kabul edilen maksatnamalar bu ugurda ösüşleri gazanmagyň möhüm ugry bolup, milli manadymyzyň hümmetini durnukly saklamak, öňdebaryjy bank hyzmatlarynyň gerimini giňeltmek, bank ulgamyny sanlylaşdyrmak, elektron hasaplaşygyny ösdürmek, dünýä tejribesiniň giň mümkinçiliklerini öwrenmek we önümçilige giňden ornaşdyrmak ýaly esasy wezipeleri öňe sürýär.

Hormatly Prezidentimiz şu ýylyň sentýabr aýynda geçirilen Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisinde eden çuňňur many-mazmunly çykyşynda: Biz geljekde maliýe-ykdysady, bank-karz işlerini düýpli seljermek bilen, ykdysady özgertmeleri oýlanyşykly dowam etmelidiris.

Ykdysadyýetimiziň önümçilik maksatly ugurlaryny ösdürmäge gönükdirilýän karz serişdeleriniň möçberini artdyrmalydyrys.Kiçi önümçilikleri höweslendirmek, ilat üçin karz-maliýe serişdeleriniň möçberlerini köpeltmek, bank hyzmatlarynyň hilini ýokarlandyrmak boýunça işleri geçirmelidiris.Karz göterimleriniň elýeterli bolmagy, bank goýumlaryny kepillendirmek üçin çäreleri hem göz öňünde tutmalydyrys diýip belläp geçdi.

Bedew bady bilen öňe barýan ýurdumyzda ýöredilýän ýeke-täk pul-karz syýasaty hem ykdysadyýetde pul serişdelerini jemlemegi, maliýeleşdirmegi we laýyk getirmegi göz öňünde tutýar hem-de pul dolanyşygynyň netijeliligini artdyrmak, nagt däl hasaplaşyklaryň gerimini has-da giňeltmek, pul serişdelerini dolanyşyga çekmek, bank ulgamy tarapyndan hödürlenilýän hyzmatlaryň hilini has-da kämilleşdirmek boýunça işleri özünde jemleýär.

Türkmenistanda 2019 — 2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasyna laýyklykda, milli ykdysadyýetimiziň ähli pudaklaryna sanly ulgamyň giňden ornaşdyrylmagy esasy önümçilik-ykdysady işleriň ähli görnüşleriniň awtomatlaşdyrylmagyna we merkezleşdirilen tertipde dolandyrylmagyny üpjün etmäge, maglumatlary alyşmagyň hasabyna bilimleriň kämilleşdirilmegine, ýokary tehnologiýaly pudaklarda täze döwrebap iş orunlarynyň döredilmegine giň mümkinçilikleri açýar.

Ýurdumyzyň karz edaralary iri maglumat geçiriş ulgamyna eýe bolup durýar. Şeýlelikde, döwletimizde pul dolanyşygynyň netijeliligini ýokarlandyrmak, elektron töleg ulgamynyň gerimini has-da giňeltmek, halkara tejribesiniň öňdebaryjy tilsimatlaryna esaslanýan bank hyzmatlaryny ulgama yzygiderli ornaşdyrmak we kämilleşdirmek boýunça geçirilýän işleri ilata hödürlenilýän sanly bank hyzmatlarynyň mysalynda hem görmek bolýar.

Ylmyň we tehnikanyň çalt depginde ösýän häzirki döwründe bank hyzmatlaryny amala aşyrmak täze innowasion tehnologiýalary önümçilige giňden ornaşdyrmak esasynda alnyp barylýar.Munuň özi pul dolanyşygynyň netijeliligini ýokarlandyrýar hem-de bank hyzmatlarynyň öz maksady boýunça wagty tygşytlap, tiz hem ygtybarly amala aşyrylmagyna oňyn şert döredýär.

Ulgamda döwrebap tehnologiýalaryň we halkara tejribeleriniň peýdalanylmagy, internetiň giňden ulanylmagy, dürli hasaplaşyklaryň internetiň üsti bilen geçirilmegi pul dolanyşygynyň tizligini çaltlandyrmaga, banklaryň işjeňligini ýokarlandyrmaga, durnuklylygyny we ygtybarlylygyny has-da artdyrmaga ýardam berýär.

Häzirki wagtda hormatly Prezidentimiziň parasatly ýolbaşçylygynda Türkmenistanda 2019 — 2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasyna laýyklykda, nagt däl hasaplaşyklaryň gerimini giňeltmek, ulgama sanly hyzmatlary giňden ornaşdyrmak hem-de milli töleg ulgamyny has-da kämilleşdirmek babatynda giň gerimli işler alnyp barylýar.

Bu bolsa, öz gezeginde, pul dolanyşygynyň amatly ýagdaýda hereket etmegini üpjün edip, milli ykdysadyýetiň global maliýe ulgamyna aralaşmagyny çaltlandyrmaga oňaýly täsirini ýetirýär. Şol bir wagtda, pul-karz syýasatynyň çäklerinde täze innowasion tehnologiýalara esaslanyp geçirilýän çäreler umumy dolandyryşyň netijeliligini we ilatyň ýaşaýyş şertleriniň hil taýdan ýokarlanmagyny üpjün edýär.

Merdana halkymyzyň abadan hem parahat durmuşy barada taýsyz tagallalary edýän Gahryman Prezidentimiziň jany sag, ömri uzak bolup, tutýan tutumly işleri hemişe rowaçlyklara beslensin!

Gülnara ALLABERDIÝEWA,

Türkmenistanyň Merkezi bankynyň Balkan welaýat şahamçasynyň pul dolanyşygyny kadalaşdyryş bölüminiň esasy hünärmeni.

https://www.turkmenmetbugat.gov.tm/tk/articles/11566

Ýene degişli makalalar

Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygy atly ýadygärlik kümüş nyşany bilen sylaglamak hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň KARARY
Sarpasy belentde tutulýan zenanlar
Türkmenistanyň alyş göreşi boýunça milli ýygyndysy Aziýanyň çempionatyna gatnaşar
Singapurda täze zawod gurar
Türkmenistanyň Prezidentiniň Türkmenistanyň at gazanan halyçysy diýen hormatly ady dakmak hakynda Permany
Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany bilen halyçylara hormatly atlar dakyldy
Türkmenistanyň agyr atletika boýunça ýetginjekler ýygyndysy Meksikada geçiriljek dünýä çempionatyna gatnaşar