YHG-niň sammitine gatnaşmak üçin Eýranyň prezidenti Aşgabada barýar

YHG-niň sammitine gatnaşmak üçin Eýranyň prezidenti Aşgabada barýar

28-nji noýabrda Eýranyň prezidenti Ibrahim Raýisi Aşgabada barar. Ol Ykdysady Hyzmatdaşlyk guramasynyň 15-nji sammitine gatnaşar diýip Financial Tribune habar berýär.

Sammitde prezident sebitara we halkara gatnaşyklary ösdürmek üçin Eýranyň tutýan ornuny we tekliplerini hödürlär, şeýlede özara hyzmatdaşlygy maslahatlaşmak üçin beýleki ýurtlardan gelýän kärdeşleri bilen duşuşar.

28-nji noýabrda Türkmenistana Özbegistanyň prezidenti Şawkat Mirziýoýew hem barar.

Bu sammite görülýän taýýarlyklar barada 15-nji we 22-nji noýabrdaky hökümet maslahatynda prezident Berdimuhamedowa hasabat berildi.The post YHG-niň sammitine gatnaşmak üçin Eýranyň prezidenti Aşgabada barýar first appeared on Türkmenistanyň Hronikasy.

Ýene degişli makalalar

Türkmen-eýran eksport-importynyň mukdary 1 million tonnadan geçdi
Türkmenistan bilen Eýranyň arasyndaky söwda 32,34% ýokarlandy
Türkmenistan bilen Eýranyň arasyndaky söwda 32,64% artdy
Gaz söwdasy ýene-de türkmen-eýran gepleşikleriniň gün tertibine geldi
Türkmenistan Eýranyň söwda hyzmatdaşlarynyň ilkinji üçlüginden orun aldy
Britaniýada kriptopul bankomatlary ýapylar