ÝHHG-niň Baş sekretary sebit howpsuzlygyny üpjün etmekde Serdar Berdimuhamedowyň goldawyna bil baglaýar

ÝHHG-niň Baş sekretary sebit howpsuzlygyny üpjün etmekde Serdar Berdimuhamedowyň goldawyna bil baglaýar

Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Baş sekretary Helga Mariýa Şmidt Türkmenistanyň saýlanan Prezidenti Serdar Berdimuhamedowa iň ýokary döwlet wezipesinde üstünlikleri arzuw edip, gutlag hatyny ýollady. Türkmenistan gazetinde çap edilen gutlag hatynda, hususan-da, şeýle diýilýär:

Sizi Türkmenistanyň Prezidenti wezipesine saýlanmagyňyz mynasybetli gutlaýaryn!

Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasy ýurduňyz bilen üstünlikli hyzmatdaşlyk edýär we Siziň baştutanlygyňyzda bu özara bähbitli gatnaşyklaryň ösdürilmeginiň dowam etjekdigine, şol sanda ilçi MakGregoryň ýolbaşçylygynda ÝHHG-niň Aşgabatdaky Merkeziniň üstünlikli işleri netijesinde ösdüriljekdigine berk ynanýaryn.

Biziň hemmämiziň ählumumy howpsuzlygy ýitileşdirýän köp sanly meseleler bilen ýüzbe-ýüz bolýan wagtymyzda ÝHHG-niň ähli sebitinde howpsuzlygy üpjün etmäge Siziň goldawyňyza bil baglaýaryn.

Biziň hyzmatdaşlygymyzyň Merkezi Aziýada parahatçylygy we durnuklylygy has-da berkitjekdigine ynanýaryn.

ÝHHG Siziň milli edaralaryňyz bilen ýakyndan gatnaşyklaryna hem-de ýurduňyzyň saýlap alan ýoluny goldamaga ygrarly bolmagynda galýar.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistanyň prezident saýlawlary barada seminar geçirildi
Konor Makgregor howply ulag dolandyrandygy üçin tussag edildi
Türkmenistanyň nebit we gaz pudagyna maýa goýujylary çekmek ugurdaky yradasy
ÝHHG "Lapis-Lazuli" ulag-üstaşyr geçelgesi hem-de Hazar deňziniň sebitinde özara baglanşyklylygyň güýçlendirilmegi boýunça seminar geçirdi
Aşgabatda açylan nebitgaz forumyna 32 döwletden 90 kompaniýanyň wekilleri gatnaşdylar
ÝHHG "LAPIS-LAZULI" ULAG-ÜSTAŞYR GEÇELGESI HEM-DE HAZAR DEŇZINIŇ SEBITINDE ÖZARA BAGLANŞYKLYLYGYŇ GÜÝÇLENDIRILMEGI BOÝUNÇA SEMINAR GEÇIRDI