Ykdysady jenaýatlara garşy göreş baradaky gulluk barlaglaryň netijesini aýan etdi

Ministrler kabinetiniň 7-nji iýulda geçirilen mejlisinde Ykdysady jenaýatlara garşy göreş baradaky döwlet gullugynyň direktory Mämmethan Çakyýew geçirilen barlaglaryň netijeleri barada hasabat berdi.

Hasabatda jogapkär işgärleriň wezipesinden hyýanatçylykly peýdalanyşy, parahorluk faktlary barada jikme-jik maglumat berilýär:

“Türkmenawtoýollary” döwlet konsernine degişli gulluk awtoulaglarynyň sürüjileri B.Oraznepesow we O.Saryýew, konserniň başlygynyň orunbasary D.Gurbannepesow, gurluşyk boýunça baş hünärmen B.Magtymgulyýew saklanyp, degişli seljerme işleri geçirilende gulluk awtoulaglaryndan jemi 11 müň 850 guty çilim we köp mukdarda nagt pul ýüze çykaryldy.

D.Gurbannepesow wezipe ygtyýarlyklaryndan hyýanatçylykly peýdalanyp, ýurtda awtomobil ýollaryň gurluşygyny alyp barýan hususy taraplardan uly möçberde para alyp, onuň hasabyna doganynyň adyna hususy kärhana açyp, dürli görnüşli tehnikalar satyn alyp, konserniň kömekçi potratçylaryny öz tehnikalaryny kärendesine işletmäge mejbur edipdir; 2010-2012-nji ýyllarda konserniň paýtagtymyzyň Abadan etrabynyň çägindäki ýol gurluşyk önümleri kombinatynyň baş direktorynyň wezipesini ýerine ýetiriji bolup işlän döwri kombinatyň kömekçi hojalygynyň dowarlaryny hususy taraplara bazar bahasyndan pes satmak bilen, döwlete köp mukdarda zyýan ýetiripdir.

Gurluşyk we binagärlik ministrligi tarapyndan Oba milli maksatnamasynyň çäginde gurulýan birmeňzeş binalar we desgalar üçin dürli taslama-çenlik resminamalaryň düzülmegi bilen, döwlet býujetinden artykmaç maliýe serişdeleriniň harçlanylmagyna ýol berlipdir; ;şleriň dowamynda aňryçäk bahalar boýunça alnyp barylmaly gurluşyklara gözegçilik edilmändir.

Türkmenistanyň Gurluşyk we binagärlik ministri Ç.Ataýew öz wezipe ygtyýarlyklaryndan hyýanatly peýdalanyp, ýokary okuw mekdebinde bile okan ýoldaşy R.Repbimowy seýsmiki ugurdan tejribesi bolmasa-da, ministrligiň Seýsmiki ýagdaýa durnukly gurluşyk ylmy-barlag institutynyň Hil gözegçilik bölüminiň baş hünärmeni wezipesine belläpdir.

Ol bolsa wezipesinden hyýanatly peýdalanyp, ministrligiň buýurmasy esasynda gurluşyk işlerini alyp barýan hususy kärhanalardan köp mukdarda para alyp, ol serişdeleriň hasabyna ýokary amatlyklary bolan ýaşaýyş jaýyndan bäş otagly öý satyn alypdyr.

Ç.Ataýewiň ýakyn tanşy, ministrligiň “Gurluşykhyzmat” müdirliginiň Şertnamalar bölüminiň baş hünärmeni S.Myradowyň 2017-nji ýylyň mart — iýun aýlarynda Aşgabat şäherinde ministrligiň buýurmasy esasynda gurulýan ýaşaýyş jaýlaryna gerek bolan enjamlary getiren birnäçe hususy kärhanalardan örän köp mukdarda para alandygy ýüze çykaryldy.

2016-njy ýylyň iýul aýyndan 2017-nji ýylyň aprel aýyna çenli Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynyň Nebit önümlerini daşary ýurtlara satmak we harytşynaslyk müdirliginiň başlygynyň orunbasary wezipesinde işlän M.Gurbannyýazow önümleri satmakda bikanun hereketlere ýol berip, köp mukdarda para alypdyr.

2015-nji ýylyň dekabr aýyndan 2016-njy ýylyň iýul aýyna çenli toplumyň Nebit önümlerini daşary ýurtlara satmak we harytşynaslyk müdirliginiň başlygynyň orunbasarynyň wezipesini wagtlaýyn ýerine ýetiriji bolup işlän S.Täjiýewiň hem daşary ýurt kompaniýalaryna nebit önümlerini satmakda şeýle bikanun hereketlere ýol berip, örän köp mukdarda para alandygy ýüze çykaryldy.

Arçabil etrabynyň 29-njy ýaşaýyş jaý ulanyş müdirliginiň başlygynyň wezipesinde işlän R.Annadurdyýew, Arçabil etrap häkimliginiň Bagyr ýaşaýyş toplumynyň işini utgaşdyryjy bölümçesiniň hünärmeni wezipesinde işlän A.Muhammetgulyýew bilen deslapdan dilleşip, para alyp, raýatlaryň Bagyr ýaşaýyş toplumynyň çäginde bikanun ýaşaýyş jaýlaryny gurmaklaryna ýol beripdir.

Maliýe ministrliginiň Barlag-derňew müdirliginiň käbir işgärleri wezipe ygtyýarlyklaryndan hyýanatly peýdalanyp, edara-kärhanalarynda geçirýän barlaglarynda döwlete ýetirilen zyýany gizläp, onuň möçberini azaldyp, para alandyklarynyň üsti açyldy.Ministrligiň Barlag-derňew müdirliginiň Ahal welaýaty boýunça Barlag-derňew bölüminiň baş derňewçisi wezipesine işlän A.Baýdakow 2016—2017-nji ýyllarda Tejen etrap hassahanasynda, etrabyň şol wagtky “Obahyzmat” önümçilik birleşiginde, “Tejenkarbamid” zawodynda, “Türkmenmermer” ýapyk görnüşli paýdarlar jemgyýetinde geçiren barlag işlerinde döwlete ýetirilen zyýanyň möçberlerini azaldyp görkezip, para alypdyr.

Ahal welaýaty boýunça Barlag-derňew bölüminiň baş derňewçisi wezipesinde işlän Y.Gylyçmyradow 2016—2017-nji ýyllarda “Ahalgurluşyk” önümçilik birleşiginiň 6-njy gurluşyk-gurnama müdirliginde we Gökdepe kän müdirliginde geçiren barlaglarynda döwlete ýetirilen zyýanyň möçberlerini azaldyp görkezip, köp mukdarda para alypdyr.

Ahal welaýaty boýunça Barlag-derňew bölüminiň baş derňewçisi wezipesinde işlän T.Mälikgulyýew, Lebap welaýaty boýunça Barlag-derňew bölüminiň başlygy wezipesinde işlän A.Mämmedow, Aşgabat şäheri boýunça Barlag-derňew bölüminiň baş derňewçisi wezipesinde işlän D.Mawyjaýew döwlete ýetirilen zyýanyň möçberlerini azaldyp görkezip, para alypdyr.

Bu bölümiň baş derňewçisi wezipesinde işlän G.Ataýew şu ýylyň aprel aýynda Aşgabat şäher häkimliginiň “Arkaçgurluşyk” önümçilik birleşiginiň maliýe-hojalyk işlerine barlag geçirip, ýüze çykaran kemçiliklerini gizlemek üçin, birleşigiň başlygy wezipesinde işlän M.Mergenowa we başlygyň orunbasary wezipesinde işlän A.Ataýewe birleşige degişli gurluşyk-gurnama müdirlikleriniň ýolbaşçylaryndan köp mukdarda pul serişdelerini topladyp, para alan wagty jenaýatyň üstünde saklanyldy.

Ykdysadyýet we ösüş ministrliginiň ykdysady ösüş, seljeriş we çaklaýyş müdirliginiň baş hünärmeni wezipesinde işlän W.Akmyradow gurluşyk işleriniň gymmatyny kesgitlemekde potratçy taraplaryň bähbitlerine ýokarlandyrylan baha netijenamalaryny berip, hususy kärhanalardan köp mukdarda para alypdyr.

Aşgabat şäheriniň Baş ykdysadyýet we ösüş müdirliginiň Nyrh emele getiriş bölüminiň baş hünärmeni wezipesinde işlän B.Kössekow gurluşyk işleriniň gymmatyny kesgitlemekde potratçy taraplaryň bähbitlerine ýokarlandyrylan netijenamalary berip, hususy kärhanalardan köp mukdarda para alypdyr.

Döwlet daşary ykdysady iş bankynyň Türkmenbaşy şahamçasynyň dolandyryjysy wezipesinde işlän Ö.Ödenyýazow milli manady daşary ýurt puluna öwürmekde bikanun herekete ýol berip, para alypdyr. “Türkmenbaşy” döwlet täjirçilik bankynyň “Köpetdag” şahamçasynyň dolandyryjysynyň wezipesini ýerine ýetiriji bolup işlän B.Muhadow hem milli manady daşary ýurt puluna öwürmekde bikanun hereket edip, para alypdyr.

“Senagat” paýdarlar täjirçilik bankynyň Hasaplaşyk amallar müdirliginiň baş hünärmeni wezipesinde işlän H.Gaýypow galp resminamalary düzmek arkaly käbir hususy taraplaryň bank hasabyndaky nagt däl pul serişdelerini bikanun nagtlaşdyryp, para alypdyr. “Türkmenistan” döwlet täjirçilik bankynyň “Azatlyk” şahamçasynyň dolandyryjysy wezipesinde işlän G.Mollaýew wezipe ygtyýarlyklaryndan hyýanatly peýdalanyp, daşary ýurt puluny alyş-çalyş etmekde bikanun hereketlere ýol berip, para alypdyr.

“Senagat” paýdarlar täjirçilik bankynyň Hasaplaşyk amallar müdirliginiň baş hünärmeni wezipesinde işlän M.Hallyýew telekeçi B.Jalaýew bilen deslapdan dilleşip, galp resminamalary düzmek arkaly käbir hususy taraplaryň bank hasabyndaky nagt däl pul serişdelerini bikanun nagtlaşdyryp, düzgün bozupdyr.

“Halkbank” döwlet täjirçilik bankynyň “Atamyrat” şahamçasynyň dolandyryjysy wezipesinde işlän G.Allaberenow, şahamçanyň dolandyryjysynyň orunbasary A.Gulnazarow, baş hasapçy Ş.Meredow hem-de kassa müdiri B.Geldiýew bilen deslapdan dilleşip, şahamçanyň kassa amallar bölüminiň gaznasynda saklanýan nagt pullary bankomata goýlan hökmünde galp resminamalary düzüp, ol pullary şahsy bähbitlerine ulanypdyrlar.

Telekeçi P.Rüstemow bank işgärleri bilen deslapdan dilleşip, Azyk senagaty döwlet birleşiginiň Abadan çakyr kärhanasyndan çakyr satyn alan hökmünde galp resminamalary düzmek arkaly, öz hasabyndaky nagt däl pul serişdelerini kärhananyň hasabyna geçirip, şol kärhananyň hünärmeni wezipesinde işlän M.Allaberdiýewiň üsti bilen nagt görnüşinde alypdyr. M.Allaberdiýew bikanun nagtlaşdyrylan puluň bir göterimini para hökmünde alypdyr.

Tagtabazar şäherçesindäki 11-nji galla kabul ediş bölüminiň çekimçisi bolup işlän M.Mämmedowyň galla hasylyny tabşyrmaga gelen raýatlardan hasyly kabul edende gallanyň hakyky agramyny kemeldip, artykmaçlyk döredilen hasyly hasabatda görkezmän, özüne ynanylan döwlet emlägini ogurlandygynyň üsti açyldy.

Mary galla önümleri kärhanasyna degişli 7-nji galla kabul ediş bölüminiň müdiri wezipesinde işlän B.Bäşimow hususyýetçilikde işlän K.Berdiýewe kabul ediş tereziniň görkezijisini kemeldýän enjamy gurnadyp, şol bölümiň çekimçisi wezipesinde işlän G.Öwezdurdyýew bilen deslapdan dilleşip, galla tabşyran kärendeçileriň bugdaý hasylyndan yzygiderli kem ölçäp, bugdaýy ogurlap, döwlete maddy zyýan ýetiripdirler.

Lebap welaýatynyň “Dökünhimiýa” müdirliginiň direktorynyň wezipesini wagtlaýyn ýerine ýetiriji bolup işlän H.Meýmanow etrabara dökün himiýa toplumlarynyň ýolbaşçylarynyň her birinden iki aýdan bir gezek yzygiderli para alyp, olara hasabynda duran mineral dökünleri hususy taraplara bikanun satmaga şert döredipdir; H.Meýmanow ýolbaşçylyk edýän müdirligine mineral dökünleriň bökdençsiz goýberilmegi üçin “Türkmenhimiýa” döwlet konserniniň “Dökünhimiýa” kärhanasynyň direktorynyň wezipesini wagtlaýyn ýerine ýetiriji bolup işlän I.Geldiýewe yzygiderli para beripdir; H.Meýmanow konserniň “Dökünhimiýa” kärhanasynyň barlagçy-derňewçi wezipesinde işlän B.Şuwraýewiň Lebap welaýatynyň “Dökünhimiýa” müdirliginde geçiren barlagynda ýüze çykaran ýetmezçiliklerini gizlemek üçin öz garamagyndaky 7 sany etrabara dökün himiýa toplumlaryndan pul serişdesini toplapdyr we ony B.Şuwraýewe para beripdir.

Uly möçberde para berip, ýolbaşçy wezipe eýelemegi maksat edinen Orazowlar boýunça geçirilen barlag-derňew işleriniň dowamynda A.Orazowyň 2007—2015-nji ýyllarda Türkmengaladaky un we unaş önümleri kärhanasynyň başlygy wezipesinde işlän döwründe uly möçberde bikanun girdeji gazanandygy anyklanyldy.

Ol bikanun gazanan pullarynyň hasabyna uly ogluna “Şowly ýol” hususy kärhanasyny we kerpiç zawodyny, ikinji ogluna bolsa “Halal ojak” hususy kärhanasyny we kerpiç zawodyny açyp beripdir.Iki dogan Orazowlar hususy kärhanalaryň işinde dürli maliýe düzgün bozulmalaryna ýol berip, döwlete uly möçberde zyýan ýetiripdirler.

A.Orazow Türkmengalanyň un we unaş önümleri kärhanasynda işlän döwründe 4 müň 395 tonnadan gowrak azyklyk bugdaýyň ýetmezçiligini döredipdir we ony gizlemek maksady bilen, giýewsi “Marygallaönümleri” kärhanasynyň başlygy wezipesinde işlän D.Nuryýew bilen deslapdan dilleşip, ýok bugdaýy öz ogullarynyň hususy kärhanalaryna degişli awtoulaglarda “Marygallaönümleri” kärhanasyna daşalan hökmünde galp resmileşdirip, döwlete uly möçberde zyýan ýetiripdir.

D.Nuryýew A.Orazowyň beýleki giýewsi A.Öwezowy 2015-nji ýylyň oktýabr aýynda “Marygallaönümleri” kärhanasynyň elewator müdiri wezipesine belläp, oňa elewatorda öndürilýän kepegi galp resminamalary düzmek arkaly gymmat bahadan hususy taraplara satdyryp, bikanun girdeji alyp, öz aralarynda paýlaşypdyrlar.

Lebap welaýatynda telekeçilik bilen meşgullanan, 2016-njy ýylda neşe serişdeleriniň bikanun dolanyşygy, para bermek, salgyt tölemekden boýun gaçyrmak, ýerleri özbaşdak eýelemek, suw serişdelerini ogurlamak bilen meşgullanandygy üçin azatlykdan mahrum edilen M.Kandymowyň bikanun ýollar bilen toplan ägirt uly möçberdäki pullaryny jenaýat işinden gizländigi we ony saklamak üçin öz dogany M.Kandymowa berendigi anyklanyldy.

Ol bu pullaryň hasabyna Türkmenabat şäherindäki toý zalyny, piwo zawodyny, Serdarabat we Garaşsyzlyk etraplarynda iki sany kerpiç zawodlaryny hem-de ýeňil we ýük awtoulaglaryny satyn alypdyr.Bulardan başga-da, onuň doganyna degişli gizlenip goýlan nagt görnüşindäki ägirt köp möçberdäki pullary we altyn guýmalary ýüze çykaryldy.

Ýene degişli makalalar

27.10.2020 | Gurluşyk-senagat toplumy
Prokurorlar kärendeçileri gyssaýar. Prezident Hasyl toýuny uludan tutmagy tabşyrýar
Garlyk dag-magdan baýlaşdyryjy kombinaty proýekt kuwwatynyň 7 prosentinde işleýär
Balkan welaýatynda innowasion senagat klasteri kemala gelýär
Ýurduň ekarançylyk meýdanlarynda güýzlük ekinlere ideg edilýär
31.03.2018 | Himiýa senagatynyň işgärleriniň güni mynasybetli geçirilýän Türkmenistanyň himiýa pudagy ösüş ýolunda atly halkara ylmy maslahata gatnaşyjylara