YKDYSADY ÖSÜŞLER ROWAÇLYGYŇ BINÝADY

Hormatly Prezidentimiz sanly wideoaragatnaşyk arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi.Onda milli ykdysadyýetimiziň pudaklarynda şu ýylyň iki aýynda ýerine ýetirilen işleriň jemlerine hem-de döwlet durmuşyna degişli möhüm meselelere we taýýarlanylan resminamalaryň taslamalaryna garaldy.Döwlet Baştutanymyz mejlisiň gün tertibine geçmezden öňürti, ýurdumyzyň ähli gelin-gyzlaryny bahar paslynyň ilkinji günlerinde giňden hem-de dabaraly bellenýän Halkara zenanlar güni bilen tüýs ýürekden gutlady.

Milli Liderimiz ýurdumyzyň zenanlaryna berk jan saglyk, uzak ömür, maşgala ojaklaryna abadançylyk, asuda we bagtyýar durmuş, Watanymyzyň gülläp ösmegi ugrunda alyp barýan işlerinde uly üstünlik arzuw etdi.Soňra hormatly Prezidentimiz köp çagaly enelere “Ene mähri” diýen hormatly ady dakmak hakyndaky Permana gol çekip, Mejlisiň Başlygy G.

Mämmedowa hem-de Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Merkezi geňeşiniň başlygy G.Ataýewa Jemgyýetçilik guramalarynyň merkezinde bu hormatly ada mynasyp bolan enelere sylaglaryň dabaraly ýagdaýda gowşurylmagyny guramagy tabşyrdy.Döwlet Baştutanymyz şeýle hem ýurdumyzyň şäherlerinde köp çagaly maşgalalary mugt berilýän täze öýlere göçürmek dabarasyny guramak barada görkezme berdi.Milli parlamentiň ýolbaşçysy hem-de Zenanlar birleşiginiň Merkezi geňeşiniň başlygy hormatly Prezidentimize Türkmenistanyň zenanlarynyň bagtyýar durmuşy barada edýän aladasy üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirdiler.Döwlet Baştutanymyz mejlisiň gün tertibiniň meselelerine geçip, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlaryna söz berdi.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlary öz gözegçilik edýän ugurlary boýunça şu ýylyň ýanwar fewral aýlarynda edilen işler babatda hasabat berdiler.Berlen hasabatlardan görnüşi ýaly, makroykdysady görkezijiler halk hojalyk toplumynyň ähli pudaklarynda durnukly ösüşiň üpjün edilýändigine şaýatlyk edýär. Ähli ministrlikler we pudak edaralary boýunça geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, jemi öndürilen önüm 5,9 göterim artyp, ykdysadyýetiň pudaklarynda ýokary önümçilik netijeleri gazanyldy.

Bölek satuw haryt dolanyşygy 2018-nji ýylyň degişli döwrüne garanyňda, 19 göterim artdy. Şu ýylyň ýanwar-fewral aýlarynyň jemleri boýunça Döwlet býujetiniň girdeji bölegi 2,65 milliard manada we çykdajy bölegi 2,55 milliard manada deň boldy. Ýurdumyzyň iri we orta kärhanalarynda ortaça aýlyk zähmet haky geçen ýylyň degişli döwrüne görä, 9,3 göterim ýokarlandy.Nebitiň gaz kondensatynyň çykarylyşynyň meýilnamasy 101,8 göterim, tebigy we ugurdaş gazyň çykarylyşynyň meýilnamasy 106,8 göterim, nebiti gaýtadan işlemegiň meýilnamasy 110,5 göterim, benzin öndürmegiň meýilnamasy 102,8 göterim, dizel ýangyjyny öndürmegiň meýilnamasy 106,3 göterim, çalgy ýaglaryny öndürmegiň meýilnamasy 102,1 göterim, suwuklandyrylan gazy öndürmegiň meýilnamasy bolsa 118,1 göterim ýerine ýetirildi.Hasabat döwründe Aşgabat şäheriniň häkimligi boýunça ýerine ýetirilen işleriň we hyzmatlaryň meýilnamasy 105,8 göterim berjaý edildi.

Gurluşyk we binagärlik ministrligi boýunça önümçilik meýilnamasy 101,1 göterim ýerine ýetirildi.Energetika ministrligi boýunça öndürilen önümleriň, ýerine ýetirilen işleriň we hyzmatlaryň meýilnamasy 113,3 göterim ýerine ýetirildi.Şu ýylyň iki aýynyň dowamynda senagat we kommunikasiýa toplumynyň ministrliklerinde we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynda ýerine ýetirilen hyzmatlaryň we önüm öndürmegiň meýilnamasy 111 göterim berjaý edildi.

Dokma senagaty ministrligi boýunça önüm öndürmekde 140,2 göterim ösüş gazanyldy. “Türkmenhimiýa” döwlet konserni tarapyndan önüm öndürmegiň ösüş depgini 106 göterime barabar boldy.Senagat we kommunikasiýa ministrligi boýunça hyzmatlaryň we önüm öndürmegiň ösüşi 109,7 göterime deň boldy. “Türkmensenagat” agentligi tarapyndan ýerine ýetirilen işlerde 112,5 göterim, “Türkmenawtoulaglary” agentligi boýunça 125,2 göterim, “Türkmendemirýollary” agentligi boýunça 101,9 göterim, “Türkmenhowaýollary” agentligi boýunça 116,3 göterim, “Türkmendeňizderýaýollary” agentligi tarapyndan ýerine ýetirilen işlerde 136,1 göterim, “Türkmenaragatnaşyk” agentligi boýunça 104,7 göterim ösüş gazanyldy.Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrligi boýunça hasabat döwründe söwda dolanyşygynyň möçberi, 2018-nji ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende 35,9 göterim artdy.

Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasy boýunça şu döwürde birža söwdalarynyň 42-si geçirilip, 4 müň 509 şertnama hasaba alyndy.Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasy boýunça hasabat döwründe hyzmat işleriniň möçberi 2,3 esse artdy.

Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesi boýunça ýanwar-fewral aýlarynda senagat önümleriniň mukdary 15,8 göterim, şol sanda oba hojalyk we azyk önümleriniň möçberi 3,9 göterim artdy.

Döwlet meýletin saglygy goraýyş ätiýaçlandyrmasyndan gelip gowşan serişdeleriň möçberi 149 göterime, saglygy goraýyş ulgamynda ýerlenen önümlerden we ýerine ýetirilen işlerden alnan girdeji 115 göterime, şypahana hyzmatlaryndan alnan girdeji bolsa, 125 göterime deň boldy. Şeýle hem ýurdumyzda bedenterbiýäni we sporty, olimpiýa hereketini ösdürmek, bu ugurdaky hyzmatdaşlygy giňeltmek boýunça ägirt uly işler alnyp barylýar.

Halkara guramalaryndan Türkmenistanda iri ýaryşlary geçirmek boýunça teklipler yzygiderli gelip gowuşýar.Häzirki döwürde ýurdumyzda 2021-nji ýylda welotrek boýunça Dünýä çempionatyny, 2020-nji ýylda sambo boýunça Dünýä çempionatyny, ulularyň arasynda futzal boýunça Aziýa çempionatyny, kenarýaka Aziýa oýunlaryny geçirmegiň mümkinçilikleri öwrenilýär.Şu ýylyň ýanwarfewral aýlarynda 2019-njy ýylyň “Türkmenistan rowaçlygyň Watany” diýlip yglan edilmegi mynasybetli, dürli medeni çäreler, şol sanda sergiler, duşuşyklar, döredijilik bäsleşikleri, wagyz-nesihat işleri, aýdym-sazly dabaralar geçirildi.

Medeniýet, döredijilik işgärleri we hünärmenler BAE-de, GFR-de, Awstriýada we Ýaponiýada iş saparlarynda bolup, halkara medeni hem-de syýahatçylyk maslahatlaryna, beýleki çärelere gatnaşdylar.Türkmen döwlet neşirýat gullugy tarapyndan önümçilik meýilnamasy 106,6 göterim ýerine ýetirildi. “Galkynyş” kitap merkezi ýurdumyzyň kitaphanalaryny jemi 21 müň nusgalykdaky kitaplar bilen üpjün etdi.Obasenagat toplumy boýunça ýerine ýetirilen işleriň we hyzmatlaryň, önümleriň möçberiniň ösüş depgini 107,6 göterime deň boldy.

Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrligi boýunça bu görkeziji 108 göterime, Suw hojalygy baradaky döwlet komiteti boýunça 102,3 göterime, “Türkmen atlary” döwlet birleşigi boýunça bolsa, 105,2 göterime barabar boldy.

Maýa goýum serişdelerini özleşdirmegiň meýilnamasy 142,4 göterim ýerine ýetirildi.Mejlisiň çäklerinde geçen iki aýyň dowamynda Daşary işler ministrliginiň amala aşyran işleriniň netijeleri barada hasabat berildi.Hasabat döwründe Owganystan Yslam Respublikasynyň Prezidentiniň ýurdumyza resmi sapary boldy. Şeýle hem milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň daşary ýurtlara boljak saparlaryna we beýleki döwletleriň ýolbaşçylarynyň Türkmenistana saparlaryna taýýarlyk görmek boýunça işler dowam etdirilýär.

Hasabat döwründe Daşary işler ministrliginiň üsti bilen daşary ýurtlaryň dürli derejedäki wekiliýetleriň 60-sy ýurdumyzda saparda boldy. Şol döwürde türkmen wekiliýetleriniň 59-sy daşary ýurtlara ugradyldy.Gyzyklanma bildirýän daşary ýurtly hyzmatdaşlaryň ählisi bilen netijeli gatnaşyklary mundan beýläk-de pugtalandyrmaga gönükdirilen çäreleriň 25-si, şol sanda maslahatlar, duşuşyklar we beýleki çäreler guraldy. Şu ýylyň dowamynda halkara resminamalarynyň 25-sine gol çekildi.

Daşary işler ministrlikleriniň arasynda syýasy geňeşmeleriň 9-sy geçirildi.Söwda, ykdysady, ylmy we tehnologiki hyzmatdaşlyk boýunça Hökümetara türkmen-koreý toparynyň, Türkmenistan Ýewropa Bileleşigi Bilelikdäki komitetiniň nobatdaky mejlisleri, şeýle hem türkmen-german we türkmen-koreý işewürler forumlary geçirildi.Hasabatyň çäklerinde Türkmenistanyň, Azerbaýjanyň, Gruziýanyň we Rumyniýanyň daşary işler ministrleriniň Hazar deňzi Gara deňiz aralygynda halkara ulag geçelgesini döretmegiň taslamasy boýunça şu aýda Buharestde geçirilen ýörite duşuşygynyň netijeleri barada habar berildi.

Onuň gün tertibine Türkmenbaşy, Baku, Poti, Batumi we Konstansi portlary arkaly daşalýan ýükleri artdyrmaga degişli meseleler girizildi hem-de şu maksatlar bilen syýasy, ykdysady we logistika hem-de beýleki degişli şertler ara alnyp maslahatlaşyldy.

Hasabatyň dowamynda ýurdumyzyň wekiliýetiniň 11-13-nji mart aralygynda Pakistan Yslam Respublikasynyň Yslamabat şäherine boljak gulluk iş saparyna görülýän taýýarlyk işleri barada habar berildi.Hasabatlardan soňra hormatly Prezidentimiz ýygnananlara ýüzlenip, şu ýylyň iki aýynda ykdysadyýetimiziň pudaklarynda alnyp barlan işleriň netijeleri ýurdumyzyň öz depginli ösüşini dowam edýändigine şaýatlyk edýändigini belledi.

Ykdysadyýetimizde jemi içerki önümiň ýokary görkezijisi 6,2 göterim möçberde saklanyp galýar.Degişli döwürde oba hojalygy 3,1 göterim, söwda ulgamy 10,7, ulag we aragatnaşyk pudagy 10, hyzmatlar ulgamy hem 8,2 göterim ösdi.

Häzirki döwürde ýurdumyzda bahasy 35 milliard amerikan dollaryndan hem geçýän dürli desgalaryň köpçülikleýin gurluşygy dowam edýär.Olaryň köpüsi ýaşaýyş-durmuş maksatly binalardyr.Ýurdumyzda öndürilýän önümleriň beýleki döwletlere iberilýän möçberlerini artdyrmak boýunça kabul eden maksatnamamyz hem öz netijesini berýär. Şeýlelikde, geçen ýyl bilen deňeşdireniňde eksportuň möçberi 20 göterim artdy diýip, milli Liderimiz aýtdy.Milli Liderimiz mejlisi jemläp, ýurdumyzyň ähli aýal-gyzlaryny Halkara zenanlar güni 8-nji mart baýramy bilen ýene-de bir gezek tüýs ýürekden gutlady.

Ýene degişli makalalar

YKDYSADY ÖSÜŞLER ROWAÇLYGYŇ BINÝADY
01.03.2019 | Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
07.03.2019 | Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
Ulag geçelgesini döretmek boýunça duşuşyk geçirildi
Ulag diplomatiýasynyň geljegi
Ulag geçelgesini döretmek boýunça duşuşyk geçirildi