Ykdysadyýet boýunça Nobel baýragynyň eýeleri yglan edildi

Ykdysadyýet boýunça Nobel baýragynyň eýeleri yglan edildi

Ykdysadyýet ugry boýunça Nobel baýragy Ben Bernanke, Duglas Daýmond we Filip Dygwige berler. Nobel baýragynyň geňeşi Bu ykdysatçy alymlar biziň ykdysadyýetde, hususan-da, maliýe krizisleri döwründe banklaryň orny, şeýle hem maliýe bazarlaryny nädip kadalaşdyrmalydygy barada düşünjämizi gowulandyrdylar diýip, belledi.

Alfred Nobeliň hatyrasyna ykdysadyýet ylymlary boýunça Şwesiýanyň Döwlet bankynyň baýragy 1968-njy ýylda esaslandyryldy.

1901-2021-nji ýyllar aralygynda ykdysadyýet boýunça Nobel baýragy 53 gezek gowşuryldy, Ester Dýuflo 46 ýaşynda baýragyň iň ýaş eýesi, Leonid Gurwiçe 90 ýaşynda iň uly ýaşly eýesi boldy.

Bu ýylyň Nobel baýraklarynyň eýelerini yglan etmek hepdesi 3-nji oktýabrda badalga aldy, häzirki güne çenli onuň lukmançylyk we fiziologiýa, fizika, himiýa we edebiýat ugurlary boýunça eýeleri bellidir.

Baýraklaryň gowşurylyş dabarasy 10-njy dekabrda Alfred Nobeliň aradan çykan gününe gabatlanyp geçiriler. Baýragyň her ugur boýunça pul sylagynyň möçberi 10 million krona (915 müň amerikan dollary) deňdir. Bu barada MIR 24 habar berýär.

Ýene degişli makalalar

Nobel wesýetnama gol çekýär
Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygy atly ýadygärlik kümüş nyşany bilen sylaglamak hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň KARARY
Alfred Nobel halkara baýragy döretmek baradaky wesýetnama gol çekýär
Himiýa boýunça Nobel baýragy bilen üç alym sylaglandy
Edebiýat boýunça Nobel baýragy Han Gana berildi
Ykdysadyýet boýunça Nobel baýragy berildi