ÝL çärýek final: Serdar Azmunyň golly pasy Baýeri ýeňlişden halas etdi

ÝL çärýek final: Serdar Azmunyň golly pasy Baýeri ýeňlişden halas etdi

Serdar Azmun Ýewropa ligasyyň çärýek final tapgyrynyň deslapky oýnunda öz adyna golly pas ýazdyrmagy başardy. Has takygy, Baýeriň türkmen asylly eýranly hüjümçisi Belgiýanyň Ýunion topary bilen bolan oýunda ýer eýelerini ýeňlişden halas eden gola assistentlik etdi.

Duşuşyk 1:1 hasabynda tamamlandy. Oýnuň 82-nji minutynda Azmun topardaşy Florian Wirtse netijeli pas geçirmek arkaly, Baýeriň ýeňlişden halas bolmagyna goşant goşdy.

Toparlaryň arasyndaky jogap oýny bir hepde soňra Brýussel şäherinde geçiriler.

Ýeri gelende bellesek, Serdar Azmun ÝL-iň çärýek finalynyň deslapky oýnunda 62-nji minutda ätiýaçdan oýna goşulyp, netijeli hereket bilen tapawutlanmagyň hötdesinden geldi.

Mundan ozal, Serdar Azmunyň Bundesliganyň 27-nji tapgyrynda Baýeriň Fraýburgy 3:1 hasabynda ýeňmegine öz goly bilen ýardam edendgini habar beripdik.

Ýewropa ligasynyň çärýek finalynyň beýleki oýunlarynda Ýuwentus Sportingi, Feýenord bolsa Romany birmeňzeş 1:0 hasabynda ýeňlişe sezewar etdi. Mançester Ýunaýted bilen Sewilýanyň arasyndaky oýun bolsa 2:2 hasabyndaky deňlikde tamamlandy.

Ýene degişli makalalar

Arkadag şäherinde täze demir ýol menzili we awtomenzil gurlar, Londonyň howa menzili Türkmenistana uçuşlaryň tertibini köpçülige ýetirdi, Serdar Berdimuhamedow Ärdogany doglan güni bilen gutlady we beýleki habarlar
Serdar Azmun Baýeri ýeňlişden halas etdi
Azmun Baýeriň düzüminde bassyr ikinji oýunda gol urdy
21-nji aprel Türkmenistanda baýramçylyk we dynç güni diýlip yglan edildi, Türkmenistan harby-taktiki okuwlary geçirer, Azady adyndaky dünýä dilleri institutynda rus dili boýunça Olimpiadanyň jemi jemlendi we beýleki habarlar
Eýran Serdar Azmunyň bir goly we bir assisti bilen Owganystanyň ýygyndysyny uly hasapda ýeňdi
Türkmenistan Primorskiý kraý sebitinde suw joşgunyndan ejir çekenlere ynsanperwerlik kömegini iberdi, Astrahan Aşgabatdan kinematograflar toparyny arşy almaga taýýarlanýar we beýleki habarlar