Ylgamakda rekord goýdy

ABŞ-nyň Oregon ştatynda işlenip taýýarlanan “Cassie” atly robot 100 metrlik ylgawda Ginnesiň rekordlar kitabyna adyny ýazdyrdy.Beýleki adamsypat robotlardan kiçi bolan iki aýakly täsin enjam köp wagtdan bäri kämilleşdirilýärdi.

Ol ilkinji gezek gezek bellenen ugurda 5 kilometr ylgapdy.Robot käýerde büdrese-de, bir gezekki zarýady bilen bu aralygy 53 minutda geçipdi.Indi bolsa uzakdan dolandyrylýan bu robot 100 metr aralyga ylgady. “Cassie” bu aralygy 24,73 sekuntda geçip, Ginnesiň rekordlar kitabyna adyny ýazdyrdy. Şeýlelikde, “Cassie” öz rekordyny täzeledi. Ýeri gelende bellesek, adamlaryň arasynda 100 metr ylgamakda dünýä rekordy 9,58 sekunt bilen Usain Bolta degişli.

Robotlaryň kämilleşdirilmegi bilen bu ugurda robotyň adamlardan geçmegine garaşylýar.

Azamat Aitbaýew, S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň talyby

Ýene degişli makalalar

USAID-iň dolandyryjysy Samanta Pauer Merkezi Aziýa C5+1 duşuşygyna gatnaşýar
Türkmen wekiliýeti C5+1 formatynda sebitleýin hyzmatdaşlyk boýunça ilkinji ministrler derejesindäki duşuşyga gatnaşdy
AGB we USAID gymmatly kagyzlary çykarmakda hususy kompaniýalara goldaw berýärler
Türkmenistanyň dokma kärhanalary Özbegistandaky halkara sergä gatnaşarlar
USAID bilen ÝB lebaply senetçilere dünýä bazarlaryna çykmaga ýardam berýär
Türkmenistanda iş gözlemek üçin niýetlenen “Wakant” onlaýn-platformasy işe girizildi