
Yslam rewolýusiýasynyň ýokary lideri, parlamentiň karary we Eýran hökümetiniň ýadro ylalaşygyň borçlarynyň başga bir bölegini azaltmak baradaky işiniň düýbünden dogry we paýhaslydygyny aýtdyp Sanksiýalar ýatyrylmazdan ABŞ-nyň ýadro ylalaşygyna gaýdyp gelmegi hatda ýurda zyýanly bolmagy ahmaldyr diýdiler.
Yslam rewolýusiýasynyň ýokary lideri Aýatolla Hameneýi, 1977-nji ýylyň 10-njy dekabrynda Gom halkynyň gozgalaňynyň ýyl dönüminde telewideniýede eden çykyşynda 20% baýlaşdyrmagyň başlangyjy barada adyp Eýran Yslam respublikasy Amerikanyň Birleşen Ştatlarynynyň ýadro ylalaşyga gaýdyp gelmegine ilerläp hem durmaýar we howlukmaýar, ýöne akyla laýyk islegimiz sanksiýalaryň ýatyrylmagy we milletiň elinden alnan hukugynyň yzyna gaýtarylmagydyr.
bu bolsa Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň we oňa eýerýän ýewropalylaryň borjydyr diýip nygtadylar.
ol hezretleri sözüniň dowamynda Sanksiýalar ýatyrylsa, Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň ýadro ylalaşygyna gaýdyp gelmeg öz beýanyny tapýar Elbetde, talaplarymyzyň biri bolan ýitgiler meselesi indiki ädimlerde dowam etdiriler emma ABŞ-nyň sanksiýalary ýatyrmazdan ýadro ylalaşygyna gaýdyp gelmegi biziň zyýanymyza bolmagy ahmaldyr diýip beýan etdiler.
Yslam rewolýusiýasynyň ýokary lideri, ulumsylyk(imperializm) butynyň perişan ýagdaýyna yşarat edip "Saýlaw dawasy", wagtal-wagtla"Garaýagyz adamyň gurban bolmagyna baryp çatýan adam hukuklary", "Amerikanyň dostlaryny-da masgaralap ýören Amerikanyň gymmatlyklarynyň tebigatyny açmak", "Ykdysadyýet" we "On millionlarça işsiz we aç adam." Öýsüzler "Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň ýagdaýyny görkezýär Elbetde, bu geň däl, ýöne käbir adamlaryň henizem ABŞ-ny arzuw etmegi geň zat diýip nygtadylar.
Aýatolla Hameneýi, Eýran Yslam respublikasynyň sebitde huzuryny pugtalandyrmagynyň manysyny we mantygyny dostlaryny we tarapdarlaryny güýçlendirmekdigini aýtdylar.
Yslam respublikasynyň sebitde bolmagy "durnuklylyga sebäpkärdir" Siriýada we Yrakda bolsa hemmeler oňa şaýat boldylar Şonuň üçin bu huzur kesgitli we hökman bolmalydyr we boljakdyr diýip yglan etdiler.
Ol hezretleri durmuşda Eýranyň goranyş güýjüniň mysallaryna şol sanda Eýranyň asmanynda Amerikaly hüjümçi uçary atmaklygyna ýa-da Aýn al-Assad bazasyny dargadanlygyna yşarat edip Bu hakykatlaryň öňünde duşman hasaplamalarynda we kararlarynda Eýranyň güýji we goranyş mümkinçiliklerini göz öňünde tutmaga mejburdyr diýip nygtap geçdiler.
Aýatolla Hameneýi Amerikanyň we Iňlis Korona sanjymlarynyň ýurda girmegini gadagan etmek bilen Amerikalylar korona sanjymy öndürip bilsediler, korona pajygasy öz ýurdunda ýüze çykmazdy, we günde 4000 töweregi adam ölmezdi diýdiler.
Şol bir wagtyň özünde, olar ynamly däl we käwagt bu sanjymlar halklarda synagdan geçirilýär diýip Yslam rewolýusiýasynyň ýokary lideri sözüne goşdylar.