Ýönekeý Türkmenistanyň raýatlaryna Hytaýyň ýokary okuw mekdeplerine girmäge kömek eder

Ýönekeý Türkmenistanyň raýatlaryna Hytaýyň ýokary okuw mekdeplerine girmäge kömek eder

Ýönekeý hususy kärhanasy Hytaýda ýokary bilim almak isleýän Türkmenistanyň raýatlaryna ýurduň iň gowy uniwersitetlerine girmekde kömeklerini hödürleýär.

Ýönekeý HK-nyň toplumlaýyn hyzmatlary şulary öz içine alýar:

- uniwersiteti we okuw maksatnamasyny saýlamak; - giriş üçin zerur resminamalary taýýarlamaga kömek etmek; - howa menzilinde garşy almak we barmaly nokadyna alyp gitmek; - okuw jaýyna ýakyn ýerde ýerleşýän (100-150 metr) umumy ýaşaýyş jaýynda ýerleşdirmek; - maslahat beriş goldawy.

Ýönekeý HK ýurduň Şanhaý, Pekin, Hançžou, Kunmin we Guansi ýaly dürli sebitlerinde ýerleşýän abraýly uniwersitetlerde okuw maksatnamalarynyň giň toplumyny hödürleýär. Ýokary okuw mekdepleriniň uçurymlary Türkmenistanda ykrar edilýän diplomlary alarlar.

Mundan başga-da, talyplar okuwa girenlerinden soň, özlerine laýyk gelmedik ýagdaýynda, okuw ugruny üýtgetmäge mümkinçilik alarlar. Şol bir wagtyň özünde, giriş üçin başlangyç synagdan geçmeli däl, şeýle hem hytaý we iňlis dillerini bilmek hökman däl.

Talyplara amatlylyk üçin Türkmenistanda ýaşaýan maşgalasy tarapyndan VISA kartyny her aý dolduryp durmak mümkinçiligi göz öňünde tutulandyr.

Ýerler çäklidir.

Has giňişleýin maglumat üçin: web-saýt okamak.yonekey.com.

Ýene degişli makalalar

Ýönekeý HK: Hytaýyň orta we ýokary okuw mekdeplerine girmäge kömek edýär
Hytaýda okamak: Ýönekeý kompaniýasy iň gowy uniwersitetlere we mekdeplere girmäge ýardam edýär
Ýönekeý HK: Hytaýda abraýly bilime gapylary açyň
Röwşen HK Garaşsyzlyk baýramy mynasybetli guralan ykdysady üstünlikleriň sergisinde öz önümlerini görkezýär
22-nji ýanwarda Türkmenistanyň esasy habarlary Turkmenportal
Rowachlan Galkynysh HK daşary ýurtly müşderileri bilen hyzmatdaşlygy ösdürmäge ähmiýet berýär