Ispaniýanyň “Siemens Gamesa” kompaniýasy ABŞ-da ulanmak maksady bilen ýörite ýel bekedini işläp taýýarlady. Gury ýerde oturtmaga niýetlenen bu turbinanyň önümçiliginiň has netijeli boljakdygy mälim edildi. Şeýle hem ýel turbinasynyň ulanyş möhleti hem uzyn bolar. Kompaniýa bu turbinalaryň 25 ýyl ulanylyp bilinjekdigini mälim edýär. Täze ýel beketleriniň 2025-nji ýylda öndürilip başlanjakdygy mälim edildi.