ÝOJ-larda synag möwsümi golaýlaýar, paranyň mukdary kesgitlenýär

ÝOJ-larda synag möwsümi golaýlaýar, paranyň mukdary kesgitlenýär

Türkmenistanda Ýokary okuw jaýlarynda okuw ýylyň soňunyň golaýlamagy bilen bir synpdan başgasyna geçmek üçin studentlerden soralýan paranyň möçberi kesgitlendi. Azatlygyň Lebapdaky habarçysy Seýitnazar Seýdi adyndaky Döwlet mugallymçylyk uniwersitetindäki ýagdaý barada habar berýär.

Türkmenabatda ýerleşýän Seýitnazar Seýdi adyndaky döwlet mugallymçylyk institutyndaky parahorluk barada 5-nji aprelde habar berýän habarçymyz bu okuw jaýynda bilim alýan studentleriň we işgärleriň birnäçesi bilen söhbetdeş boldy.

“Iýun aýynda kursdan kursa geçiş synag möwsümi başlanýar. Topar töresi-starosta eýýäm mugallymlara bermeli paralar barada gizlin gürrüňdeşlik geçirdi. Adaty bolşy ýaly paranyň möçberi synagda goýuljak baha bilen kesgitlenýär we ol 1000 we 1500 manat aralygynda bolýar" diýip anonim gürleşen studentleriň biri aýtdy.

Studentleriň sözlerine görä, köpçülik para bermäge razy bolmasa-da mejbur edilýär, sebäbi synaglaryň bahasy diploma täsir edýär.

"Elbetde ikilik goýup ýokary okuw jaýdan kowjak bolup duran adam ýok. Sen diňe çärelere gatnaşsaň, ýowarlara gatnaşsaň ýeterlik. Ýöne düşüniksiz sebäplere görä para ýygnalýar. Diňe döwlet we halkara derejesinde geçirilýän ders bäsleşikleriniň ýeňiji studentlerini soragsyz synaglardan geçirýärler. Emma galan talyplaryň güni agyr" diýip studentleriň ýene biri gürrüň berdi.

Bu ýokary jaýynyň käbir işgäri bilen gürleşen habarçymyza görä, studentlerden talap edilýän paranyň mukdary fakultete görä tapawutlanýar. Has abraýly hasaplanýan fakultetlerde, şol sanda sebäbi taryh fakultetinde para talaby has berk bolýar.

"Ene atalar taryh fakultetini tamamlasaň prokuratura ýa-da milli howpsuzlyga işe girmek gaty ýeňil we berilen parany bu işlerde tiz wagtyň içinde gaýtaryp bolýar” diýen umyt bilen çagalaryny şu fakultete salmaga synanyşýarlar.

Emma okuwy tamamlandan soň hem, prokuratura ýa-da milli howpsuzlyga işe girmek üçin uly möçberde para bermeli ýa-da güýçli tanyş-bilişiň bolmaly" diýip, türkmenabatlylar bilen söhbetdeş bolan habarçymyz aýdýar.

Türkmenabatda ýerleşýän Seýitnazar Seýdi adyndaky döwlet mugallymçylyk institutyndaky okuwa girmek üçin soralýan paranyň möçberiniň 20 müň amerikan dollaryna barabardygy habarçy belledi.

Azatlyk Radiosy bu ýokary okuw jaýynyň wekillerinden resmi görnüşde maglumat alyp bilmedi.

Ýaňy-ýakynda Türkmenistanda ýokary we orta hünär mekdeplerine 2024-nji ýylyň sentýabrynda okuwa kabul ediljek dalaşgärlerden “para almak möwsüminiň” başlanandygy habar berlipdi. Azatlyk Radiosynyň habarçylary bu barada ýagdaýlardan ygtybarly çeşmelere salgylanyp, 20-nji martda maglumat beripdi.

“ÝOJ-lara giriş synaglarynyň başlanmagyna entek dört aýdan gowrak wagt bolsa-da, okuwa kabul ediljekler häzirden belli diýen ýaly. Sebäbi sebitdäki we Aşgabatdaky ýokary okuw jaýlaryna kabul ediljek ýaşlaryň aglabasynyň ene-atasy okuw parasyny häzirden geçirip başlady” diýip, çeşmämiz gürrüň berdi.

Türkmenistanda her ýyl ýurt boýunça 80 müňden gowrak okuwçy orta bilim berýän mekdepleri tamamlaýar we olardan 20 müňden gowragy ýokary we orta hünär okuw mekdeplerine kabul edilýär.

Ýurtda orta hünär okuw mekdeplerinde, şeýle-de ýokary okuw jaýlarynyň aglabasynda berilýän bilim mugt hasaplanýar. Emma habarçylar ýokary okuw jaýlaryna okuwa parasyz girmegiň tas mümkin däldigini aýdýarlar.

Ýokary okuw jaýlarynda soralýan paranyň möçberi onlarça müň amerikan dollaryna barabar bolýar.

Türkmenistanyň bilim pudagynda onlarça ýyl bäri dowam edýän para almak we bermek tejribesi ýaşlaryň maşgala agzalarynyň bergä batmak, awtoulaglary, hojalygyndaky mal-garalary we mellek ýerleri ýaly emlägini satmak arkaly pul toplamagyna getirýär.

Türkmenistanda okuw ýyllarynyň dowamynda studentlerden synp synaglaryndan daşary prezidentiň portretleri ýaly dürli maksatlar üçin ýygy-ýygydan pul toplanýar. Şeýle-de studentler okuw sagatlarynda we boş wagtynda köpçülikleýin çärelere çekilýär, daş-keşbine hem özüni alyp baryşyna degişli dürli çäklendirmelere sezewar edilýär.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Ýene degişli makalalar

ÝOJ-da harby bölüm ýatyrylýar
Studentleriň okuwdan boş wagtyny geçirişine, başy tahýaly bolmagyna gözegçilik edilýär
Änewde gurlan täze metjit Seýit Jemaleddin metjidi diýlip atlandyrylar
Türkmenistanda ýaşlaryň okuw üçin goşun gullugyny yza süýşürmegine rugsat berilýär
Türkmenistan Bilim baradaky Ýewropa konwensiýasyna goşuldy
Garaşsyz neşir: Türkmen ýaşlarynyň ençemesi Türkiýä wiza alyp bilmedi