Ýokary derejeli kadr çalşygynyň arasynda, obasenagat toplumynda iş taşlaýan adamlar köpelýär

Ýokary derejeli kadr çalşygynyň arasynda, obasenagat toplumynda iş taşlaýan adamlar köpelýär

Türkmenistanyň oba hojalygy pudagynda dowam edýän problemalaryň arasynda, Mary welaýatynyň Baýramaly etrabynyň oba hojalygy edaralarynyň, şol sanda “Obahyzmat” önümçilik kärhanasynyň işgärleriniň arasynda işini taşlaýan adamlar köpelýär. Ýerli mehanizatorlar öz garamagyndaky oba hojalyk tehnikalaryna zerur bolan ätiýaçlyk şaýlarynyň üpjün edilmeýändigini we şahsy harajatlarynyň hasabyna tehnikalary abatlamagyň gymmada düşýändigini aýdýarlar.

Baýramalynyň “Obahyzmat” kärhanasynda iş taşlaýan adamlaryň köpelmegi ýurduň ýokary derejeli oba hojalyk resmisiniň saglyk ýagdaýlaryna salgylanyp, işden çekilýän pursatyna gabat gelýär.

Bir ýyl ozal, 2022-nji ýylyň iýunynda hökümet başlygynyň oba hojalyk meseleleri boýunça orunbasary wezipesine bellenen Annageldi Ýazmyradow, ýurt boýunça galla oragy dowam edýän mahaly, 7-nji iýulda saglyk ýagdaýlaryna salgylanyp, wezipeden çekildi.

Resmi habarlarda aýdylmagyna görä, anna güni geçirilen hökümet maslahatynda wise-premýer özüniň saglyk ýagdaýyny göz öňünde tutup, prezident Serdar Berdimuhamedowa haýyş bilen ýüzlendi. Berdimuhamedow bu haýyşy kanagatlandyryp, ýokary derejeli oba hojalyk resmisini wezipesinden boşatdy.

Ýazmyradowyň eýelän wezipesi Balkan welaýatynyň öňki häkimi Tagandurdy Atahallyýewe ynanyldy.

Obasenagat toplumyndaky ýokary derejeli kadr çalşygynyň arasynda, Azatlyk Radiosynyň habarçylary günorta-gündogar sebitlerdäki önümçilik kärhanalarynda iş orunlaryny taşlaýan adamlaryň göz-görtele artýandygyny habar berýärler.

Şol bir wagtda, pudakdaky köpçülikleýin iş taşlaýyş Mary welaýatynyň daýhan birleşiklerinde prokuratura barlaglarynyň dowam edýän pursatyna gabat gelýär.

Ýatlasak, Azatlyk Radiosy 5-nji iýulda welaýatyň tas ähli etraplarynda prokuratura işgärleriniň pagtaçy we gallaçy daýhanlaryň kärende ýerlerinde derňewleri geçirýändiklerini habar berdi. Biraz öň, iýunyň ahyrynda şeýle barlaglar Balkan welaýatynyň Bereket etrabynyň daýhan birleşiklerinde we galla kärhanalarynda giň gerime eýe boldy.

Ýöne Azatlyk Radiosy sebitlerde dowam edýän prokuratura derňewleri bilen ýokary derejeli oba hojalyk resmisiniň saglyk ýagdaýy sebäpli wezipesinden çekilmeginiň arasynda, ýa-da Mary welaýatynyň obasenagat toplumynda hasaba alynýan köpçülikleýin iş taşlaýyşlaryň arasynda arabaglanyşygyň bardygyny ýa-da ýokdugyny anyklap bilmedi.

“Biz oba hojalyk tehnikalarymyzy öz jübimizden pul çykaryp, abatlamaly bolýarys. Döwlet tarapyndan wada berlen motor ýagy berilmeýär. Biz tehnikalaryň motor ýagyny hem öz çykdajylarymyzyň hasabyna çalyşýarys” diýip, bir ýerli mehanizator Azatlyk Radiosynyň habarçysyna gürrüň berdi.

Ýöne diňe bir ýag çykdajylary däl, külte döwülse, ýa-da başga bir mesele ýüze çyksa, mehanizatorlar öz çykdajylarynyň hasabyna özlerine ynanylan oba hojalyk tehnikalaryny bejermeli bolýarlar.

Bu ýagdaý işgärleriň aýlyk girdejilerini egisýär we netijede mehanizatorlar öz iş orunlarynyň düşewüntliligini gözden geçirmeli bolýarlar.

“Her aý zordan 800-900 manat gazanyp, öýümize eltip bilýäris. Gazanan pulumyz gelşi ýaly bergä gidýär” diýip, bir mehanizator aýdýar.

Türkmenistanda ilatyň agramly bölegi oba hojalygy pudagynda işleýär hasaplanýar. Işini taşlaýan maryly mehanizatorlar çykalga hökmünde özleriniň daşary ýurtlara, hususan-da Türkiýe respublikasyna iş gözleginde gitmegi göz öňünde tutýandyklaryny aýdýarlar.

Türkmenistanda işsizligiň derejesini görkezýän statistika maglumatlary köpçülige äşgär edilmeýär. Ýöne, beýleki käbir ýagdaýlar bilen bir hatarda, daşary ýurtlarda, hususan-da Türkiýede türkmenistanly migrantlaryň has köp bellige alynmagy Türkmenistandaky giň ýaýran işsizlikden habar berýär.

Azatlyk Radiosynyň habarçysy Mary welaýatynda oba hojalygy kärhanalary bilen bir hatarda sebitdäki käbir gurluşyk kärhanalarynda hem iş taşlaýan adamlaryň köpelýändigini habar berýärler.

“Marygurluşyk” önümçilik birleşiginiň käbir gurluşyk-gurnama müdirliginiň birnäçe ýük ulag sürüjisi özlerine ynanylan tehnikalaryň garamaty zerarly edýän şahsy çykdajylarynyň agramyny göterip bilmeýändiklerini aýdýarlar.

“Biziň bar alýan aýlygymyz 3 müň manat, emma ätiýaç şaýlary üçin köp çykdajy etmeli bolýar. Her bir tehnika sürüjiniň öz boýnuna ýüklenýär” diýip, gurluşyk-gurnama kärhanasynyň bir sürüjisi Azatlyk Radiosynyň habarçysyna gürrüň berdi.

Edara-kärhanalaryň ýolbaşçylary iş orunlaryny terk edýän işgärleriň öňüne geçmezligi saýlap alýarlar, gaýtam, “işlejekmi, düşünişip, ylalaşyp işlemeli bolarsyň, iş başaraňokmy, han-ha iş, taşla-da gidiber” diýip, jogap berýärler diýip, bir ýerli ýaşaýjy aýtdy.

“Kim işini taşlap, Türkiýä giden bolsa, onuň ornuna täze işgär alýarlar” diýip, ol sözüniň üstüni ýetirdi.

Azatlyk Radiosy bu ýagdaýlar boýunça Mary welaýatynyň häkimliginden kommentariý alyp bilmedi.

Türkmenistanyň döwlet metbugaty oba hojalygy we gurluşyk pudagyndaky önümçilik kärhanalarynda hasaba alynýan köpçülikleýin iş taşlaýyşlar barada habar bermeýär.

Galyberse-de, ýokary derejeli oba hojalyk resmisiniň wezipesinden boşadylmagynyň töweregindäki mümkin bolan beýleki ýagdaýlar, şeýle-de, onuň bu pudakda soňky ýyllarda yglan edilen özgertmelere gatnaşygy ýa-da gatanjy aýdyňlaşdyrylmaýar.

Soňky on bäş ýyldan gowrak wagt bäri ýokary wezipelerde işlän we iň soňunda saglyk ýagdaýy sebäpli wezipeden çekilen wise-premýer 2012-nji ýylyň prezident saýlawlarynda ýokary döwlet wezipesine dalaş edipdi.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Ýene degişli makalalar

Lebap welaýatynda daşary ýurt tehnikalary üçin ätiýaçlyk şaýlary öndürilýär
Lebapda şaly oragy tamamlandy. Sürüm traktorlary ýetmezçilik edýär
Ykdysady jenaýatlara garşy göreş baradaky gulluk barlaglaryň netijesini aýan etdi
Daşoguzda resmi, ýöne 'galp bugdaý ekiş dabarasy' geçirildi
Türkmen sürüjileri, başga çykalga bolmansoň, "örän agyr ýagdaýda" işleýärler
Şaly meýdanlary guraýan lebaply kärendeçiler döwlete bergili çykmakdan alada edýär