Ýokary derejeli kanadaly ýolbaşçylar gümrük salgytlary meselesinde Trampyň wekilleri bilen duşuşar

Ýokary derejeli kanadaly ýolbaşçylar gümrük salgytlary meselesinde Trampyň wekilleri bilen duşuşar

Kanadanyň Premýer-ministri Žastin Trýudonyň ministrler kabinetiniň ýokary derejeli ýolbaşçylary iki ýurduň arasyndaky söwda söweşiniň önüniň alynmagy maksady bilen ABŞ-nyň saýlanan Prezidenti Donald Trampyň wekilleri bilen duşuşmak üçin Florida gitdi.

Täze bellenen Maliýe ministri Dominik Leblan bilen Daşary işler ministri Melani Žoli Trampyň wekilleri bilen duşuşmak üçin ABŞ-nyň Florida ştatyna gitdi.

Şu gün geçiriljek gepleşiklerde Kanadanyň bikanun göçe garşy alyp barýan göreşi meselesi hem ara alnyp maslahatlaşylar.

Ýene degişli makalalar

Eýran harbylary oppozision kanalyň hemra ýaýlymy boýunça Türkmenistana “açyk duýduryş berdi"
Tramp Eýrana garşy täze harby hüjümleriň guralmagyny seljerýär
Russiýa-Ukraina söweşiniň bes edilmegi meselesi seljerildi
54 ýyldan soňra Aýa syýahat
Türkmen prezidenti ABŞ-daky baýry diplomatlaryny täzeledi
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny