Ýokary okuw mekdepleri üçin täze okuw kitaplary neşir edildi

Ýokary okuw mekdepleri üçin täze okuw kitaplary neşir edildi

S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň mugallymlary ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň talyplary üçin niýetlenen täze okuw kitaplarynyň awtorlary boldular.Türkmenistanyň Bilim ministrligi tarapyndan makullanan neşirler Türkmen döwlet neşirýat gullugynyň goldaw bermeginde çapa taýýarlanyp, uniwersitetiniň çaphanasynda neşir edildi.

Daşary ykdysady iş atly täze okuw kitaby uniwersitetiň mugallymlary Röwşen Muhammedow, Kerimberdi Nurnyýazow hem-de ýokary okuw mekdebiniň mugallym-öwrenijisi Rahat Myradow tarapyndan taýýarlanyldy.Okuw kitabynyň esasy maksady daşarky ykdysady amallaryň tehnologiýasy, maksady we görnüşleri, şeýle hem olary amala aşyrmagyň usullary barada düşnükli hem-de giňişleýin maglumat bermekden ybaratdyr.

Okuw kitaby girişden we 14 bapdan ybarat bolup, onda dünýä hojalygy we onuň emele gelmegine täsir edýän ýagdaýlar, häzirki zaman dünýä bazarynyň aýratynlyklary, halkara maýa hereketiniň ösüş ugurlary, Türkmenistanyň daşary ykdysady gatnaşyklary we halkara gatnaşyklary, ýurdumyzyň dünýä ykdysadyýetindäki orny, halkara ykdysady gatnaşyklarynda ulag üpjünçiligi, erkin ykdysady zolaklar we beýleki möhüm meseleler giňişleýin beýan edilýär.

Neşir, ilkinji nobatda, ykdysady ugurlar boýunça bilim alýan talyplar üçin niýetlenendir. Şeýle-de ol degişli dersi okadýan mugallymlar, pudak hünärmenleri hem-de Türkmenistanyň daşary ykdysady gatnaşyklary bilen gyzyklanýan okyjylar üçin hem peýdaly gollanma bolar. Ýokary okuw mekdepleriniň talyplary üçin taýýarlanan ýene bir täze okuw kitaby Matanyň gurluşy we bezelişi diýlip atlandyrylýar.

Onuň awtorlary S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň uly mugallymlary Aýnagül Allaberdiýewa we Arzygül Kakalyýewadyr.Okuw kitaby 10 tematik bapdan ybarat bolup, onda matalaryň gurluşy we bezegi, matalaryň görnüşleri hem-de häsiýetleri, dokma gurluşynyň aýratynlyklary, tehnologik görkezijiler, matalary timarlamagyň usullary barada giňişleýin maglumat berilýär. Şeýle hem neşirde dokma senagatynda öndürilýän matalaryň taýýarlanylyş aýratynlyklary, olaryň gurluşyna, önümçilik şertlerine we ulanylyşyna baglylykda ýüze çykýan üýtgeşmeler beýan edilýär.

Täze okuw kitaby mata önümçiligi hünäri boýunça bilim alýan talyplar üçin gymmatly okuw gollanmasy bolup hyzmat eder. Şeýle hem ol ýurdumyzyň dokma senagatynda zähmet çekýän hünärmenler üçin hem peýdaly neşir bolar.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna atly Türkmenistanyň ýubileý medaly bilen sylaglamak hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň PERMANY
Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygy atly ýadygärlik nyşanlary bilen sylaglamak hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň KARARY
Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany Türkmenistanyň Ene mähri diýen hormatly adyny dakmak hakynda
Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygy atly ýadygärlik kümüş nyşany bilen sylaglamak hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň KARARY
Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary Türkmenistanyň ýaşlarynyň arasynda ylmy işler boýunça geçirilen bäsleşigiň jemleri hakynda
Prokurorlary wezipä bellemek we wezipeden boşatmak hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany