Ýol infrastrukturasynyň ösüşi: hereket howpsuzlygy we rahatlygy

Ýol infrastrukturasynyň ösüşi: hereket howpsuzlygy we rahatlygy

Ýurdumyzyň demirgazyk sebitiniň awtomobil ýollarynyň ulgamyny giňeltmek we degişli derejede saklamak boýunça möhüm işleri Daşoguz welaýatynyň awtomobil ýollary müdirliginiň işgärler topary amala aşyrýar. Şu günler müdirligiň hünärmenleri Boldumsaz etrabynyň Zähmetkeş daýhan birleşigine barýan awtomobil ýolunyň bir bölegini döwrebaplaşdyrmak boýunça degişli işleri alyp barýarlar.

Bu ýerde bir ýarym kilometrlik ýol durky täzelendi we häzirki wagtda asfalt düşelýär. Şeýle çäreler Boldumsaz we Akdepe etraplarynyň oba ýerlerindäki käbir ýol böleklerinde, şeýle hem Daşoguz şäherinde geçirilýär. Şu ýylyň dowamynda müdirligiň hünärmenleri welaýatyň dürli künjeklerinde köp sanly degişli işleri ýerine ýetirerler.

Olary, esasan, Gubadag etrabynda ýerleşýän asfalt zawody ýol üçin zerur önümler bilen üpjün edýär.Häzirki wagtda Daşoguz welaýaty ösen ýol-ulag infrastrukturasyna eýedir.Sebitde ulag geçelgeleriniň we kommunikasiýalarynyň ulgamyny giňeltmek hem-de degişli ýagdaýda saklamak üçin zerur şertleriň bolmagy, şeýle hem her ýyl ýöriteleşdirilen edaralar tarapyndan alnyp barylýan degişli işler ýük we ýolagçy gatnawlarynyň möçberiniň yzygiderli artmagyna, awtomobil ýollarynda hereket howpsuzlygynyň we rahatlygyň ýokarlanmagyna ýardam berýär.

Ýene degişli makalalar

Daşoguz welaýatynyň ekerançylary bazarlary ýokary hilli gök önümler bilen üpjün etmäge mynasyp goşant goşýarlar
Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany Türkmenistanyň Ene mähri diýen hormatly adyny dakmak hakynda
Daşoguzda buzly ýagyn ýaşaýjylaryň jaýlaryna, ekin meýdanlaryna zyýan ýetirdi
Dalaşgärleriň dykgatyna!
HALK TEATRLARYNYŇ BÄSLEŞIGI
Awtobus, demirýol transportyndaky bökdençlik, ýol-ulag hadysalary ilaty alada goýýar