Russiýanyň “Bazelews” kinokompaniýasy her ýylyň Täze ýyl baýramyna gabatlanyp, tomaşaçylara hödürlenýän “Ýolkalar” (“Елки”) atly filmiň täze, 6-njy bölüminiň surata düşüriljekdigini habar berdi. Heniz filmiň täze bölüminde öňki aktýorlar Iwan Urgantyň we Sergeý Swetlýakowyň surata düşjekdigi belli däl, şeýle-de kinorežissýor we prodýuser Timur Bekmamedowyň önümçilige gatnaşmajakdygy aýdylýar.
“Ýolkalar 6” filmi şu ýylyň 1-nji dekabrynda prokata çykar.
Bu filmler tapgyrynyň rus kinosynyň taryhynda prokatda jemi 6 milliard rubldan gowrak kassa ýygymyny toplan tapgyrdygy “rg.ru” saýtynyň habarynda aýdylýar.