Ýollarymyzyň abatlygy ömrümiziň rahatlygy

Döwlet Baştutanymyzyň tabşyrygyna laýyklykda, ýol hereketine gatnaşyjy pyýadalaryň we sürüjileriň sanynyň barha artýan häzirki döwründe ýol-ulag hadysalarynyň öňüni almak maksady bilen, her ýylyň 130-njy sentýabry aralygynda ýurdumyzda Ýol hereketiniň howpsuzlygy ömrümiziň rahatlygy atly biraýlyk çäresi guramaçylykly geçirilýär.

Bu işler özüniň oňyn netijelerini hem berýär. Ilatyň arasynda geçirilýän şol işleriň esasy maksady, ýol hereketiniň kadalaryna aňly-düşünjeli garamak, ýol hereketiniň düzgünlerini pugta berjaý etmek, ýol hereketine gatnaşyjylaryň ýolagçy hökmünde ýol hereket medeniýetini ýokarlandyrmaga bolan garaýyşlaryny kämilleşdirmekden ybaratdyr.

Ýol hereketiniň howpsuzlygynyň biraýlygynda geçirilýän çärelere bilim-terbiýeçilik edaralaryndaky ýaşajyk körpeler, kiçi we uly ýaşly mekdep okuwçylary has işjeň gatnaşýarlar. Köçe-ýol hereketiniň düzgünleri barada açyk sapaklar, dürli bäsleşikler, wagyz-nesihat çäreleri yzygiderli geçirilýär.

Biraýlyk çäräniň dowamynda Polisiýanyň ýol gözegçilik gullugynyň işgärleri ýörite düzülen meýilnama laýyklykda, gatnawly ýollarda ýol hereketiniň düzgünleriniň berjaý edilişine, ýol-ulag hadysalarynyň öňüni almak boýunça gözegçilik çärelerine uly ähmiýet berýärler. Çagalar edaralarynda terbiýelenýän, bilim ojaklarynda okaýan çagalaryň, dürli edara-kärhanalarda, oba ýerlerinde zähmet çekýän bagtyýar raýatlaryň arasynda wagyz-nesihat işleri yzygiderli guralýar.

Raýatlarymyzyň ýol hereketiniň düzgünlerini berjaý etmeklerini gazanmak bu ugurda geçirilýän wagyz-nesihat çäreleriniň esasy maksadydyr.Mekdepleriň, çagalar baglarynyň ýanyndan geçýän gatnawly ýollarda yzygiderli gözegçilik ýola goýulýar.

Häzirki wagtda ýurdumyzyň ýol-ulag düzümi yzygiderli döwrebaplaşdyrylyp, halkara derejeli ýollar, köprüler gurulýar. Ýollarda bökdençsiz hereketi ýola goýmak, raýatlaryň rahat gatnawyny üpjün etmek, döwrebap ýol-ulag ulgamyny döretmek babatynda sazlaşykly işler alnyp barylýar.

Döwrebap ýollarymyz çyralar, günüň islendik wagtynda sürüji hem pyýada üçin anyk görünýän ýol belgileri bilen üpjün edilýär. Çatryklardaky sowma ýollar, köprüler, ýerasty hem-de ýerüsti geçelgeler, ýanýodalar we ýaşyl zolaklar – bularyň ählisi sürüjilerdir ýolagçylaryň rahat hereketleri üçin döredilen mümkinçiliklerdir.

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýollarymyzyň howpsuzlygyny üpjün etmäge, sürüjiler we pyýadalar üçin oňat hem amatly şertleri döretmäge gönükdirilen netijeli işler amala aşyrylýar. Munuň üçin ýokary hilli ýollar, pyýadalara niýetlenen ýanýodalar, ýörite yşyklar bilen enjamlaşdyrylan ýerasty geçelgeler we duralgalar gurulýar, ýolagçylara hyzmat edýän ýokary hilli awtobuslar satyn alynýar.

Jemgyýetiň häzirki zaman ösüş döwründe ýol hereketiniň howpsuzlygy baradaky meseleler örän wajypdyr. Häzirki wagtda ýol hereketiniň kadalary we onuň düzgünleri barada düşündiriş, wagyz-nesihat işleri giň gerime eýe bolýar.

Ýollarymyzyň asudalygyny üpjün etmäge gönükdirilen biraýlyk çäräniň özeninde döwletimiziň maşgalalaryň abadançylygy, ynsan ömrüniň rahatlygy hakyndaky aladalary durandyr.Bu biraýlygyň çäklerinde ýol hereketiniň howpsuzlygyny üpjün etmegiň kadalarynyň, düzgünleriniň talabalaýyk berjaý edilmegi barada ýokary okuw mekdebimiziň talyplarynyň hem-de mugallymlarynyň arasynda düşündiriş hem-de wagyz-nesihat çäreleri yzygiderli ýaýbaňlandyrylýar. Ýollarymyzyň abatlygy, ilimiziň abadançylygy babatda köpugurly tagallalary durmuşa geçirýän hormatly Prezidentimiziň jany sag, ömri uzak bolsun, il-ýurt bähbitli belent tutumlary rowaçlyklara beslensin!

Jamal MANAÝEWA,

S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň mugallymy.

Ýene degişli makalalar

Ýol howpsuzlygynyň biraýlygynda aýal sürüjiler häkimiýetler tarapyndan nyşana alynýar
Boldumsazda bolan ýol hadysasynda dört adam öldi
Somalide Guralan Bombaly Hüjümde 3 Adam Ýogaldy
Taryhynda ilkinji gezek finala çykdy
Eli Koen Ysraýylyň Aşgabatdaky ilçihanasyny açar, FlyDubai Dubaý bilen Aşgabadyň arasynda uçuşlaryň ýygylygyny artdyrdy, Aşgabatda informatika boýunça halkara olimpiadasy açyldy we beýleki habarlar
Türkmenistanda harby gulluk hakynda kanunlara täzeden serediler, Aşgabatda galyndylary aýry-aýrylykda toplamak (sortlamak) taslamasy synag ediler, Türkmenistanda halkara ýaryşlarynyň ýeňijilerini sylaglamak dabarasy geçirildi we beýleki habarlar