Ýolötende alagaraňkyda çörek nobatyna barýan 70 ýaşly garry enäni awtoulag kakdy

Ýolötende alagaraňkyda çörek nobatyna barýan 70 ýaşly garry enäni awtoulag kakdy

Mary welaýatynyň Ýolöten şäherçesinde un gytlygy sebäpli, döwlet dükanlaryna çöregi iki günden bir getirýärler diýip, “Türkmenistanyň Hronikasynyň” habarçylary maglumat berýärler.

Çörek söwdasy ir sagat 7-8-de başlanýar, emma, nobat daňdan sagat 5-de başlaýar.

Eýýäm, daňdan sagat 4-de yşyklandyrylmadyk köçelerde çörek nobatyna durmaga barýan adamlary görmek bolýar. Hadysalar diňe nobatlarda däl-de, köçelerde hem ýüz berýär.

70 ýaşly Oguljan Ysmaýylowa alagaraňkyda çörek nobatyna barýarka, awtoulag kakdy. Pajygaly waka ýollaryň ýaramazdygy we köçeleriň ýagtylandyrylmazlygy sebäp boldy. Häzirki wagtda garry ene şäherçäniň keselhanasynyňy agyr hassalar bölüminde ýatýar.

Şol bir wagtda, dükanlarda bir bölek ors nany 0,5 manatdan we tamdyr çöregi 1 manatdan satylýar. Emma,hemmelere çörek ýetmeýär.

Norma boýunça uny 1-2 aýlap gijikdirip berýärler. Adamlar unyň hiliniň pesdiginden, ondan hamyr edip, çörek bişirmegiň kyndygyndan arz edýärler.

Bazarda bir kilogram gazak önümi bolan un 25 manat, ýerli birinji sort un bolsa, 15 manada deň. Ilatyň aglabasyna bu nyrhlar örän gymmat.

“Türkmenistanyň Hronikasynyň” owalky maglumatlaryna görä, Mary welaýatynyň Sakarçäge etrabynyň ýaşaýjylary un ýetmezçiligi sebäpli, jöwenden (mal bakmak üçin berilýän iým) we mekgejöwenden çörek bişirýärler.The post Ýolötende alagaraňkyda çörek nobatyna barýan 70 ýaşly garry enäni awtoulag kakdy first appeared on Türkmenistanyň Hronikasy.

Ýene degişli makalalar

Türkmen mekdep okuwçylaryna ýurduň Prezidentiniň adyndan noutbuklar sowgat berler, Azerbaýjanyň Türkmenistandaky täze ilçisi wezipä bellendi we beýleki habarlar
Owazasy dünýä dolan bedewler
“Magtymgulynyň edebi mirasy beýik ynsanperwerligiň gözbaşy”
“Konstitusiýa we Döwlet baýdagy mizemez mukaddeslikdir”
Ýaşlar ligasy ― 2023: 1-nji tapgyryň duşuşyklary geçirildi
Ysraýyl Türkmenistanda Medeniýet günlerini geçirmäge gyzyklanma bildirýär
Türkmenabatda sambo we söweş sambosy boýunça Türkmenistanyň çempionaty geçirildi