Yragyň demirgazygynda bir esger şehit boldy

Yragyň demirgazygynda bir esger şehit boldy

Yragyň demirgazygynda ekstremist terror guramasy PKK-a agza terrorçylaryň od açmagy netijesinde 1 esger şehit boldy.

Esgeri şehit eden PKK-a 2 terrorçy täsirsiz ýagdaýa getirildi.

Türkiyäniň Milli Goranmak ministrliginiň Twitter hasabyndan berilen beýanatda: "Penje-Gulp operasiýasy sebitinde 2023-nji ýylyň 12-nji maýynda ekstremist terror guramasy PKK-a agza terrorçylar tarapyndan od açylmagy netijesinde gahryman ýaragly egindeşimiz Muhammed Küçük şehit boldy. Ekstremist terror guramasy tarapyndan guralan hüjüme şol bada garşylyk görkezildi we ilkinji kesgitlemelere görä 2 terrorçy täsirsiz ýagdaýa getirildi" diýip habar berildi.

Beýanatda sebitde terrorçylara garşy operasiýalaryň dowam edýändigi mälim edildi.

Ýene degişli makalalar

PKK-a agza ýene-de iki terrorçy howpsuzlyk güýçlerine boýun egdi
Terrora garşy göreş tutanýerli ýagdaýda dowam etdirilýär
Terrora garşy göreş tutanýerli ýagdaýda dowam etdirilýär
Yragyň demirgazygynda PKK-a agza 2 terrorçy täsirsiz ýagdaýa getirildi
Terrora garşy göreş giň gerimli dowam etdirilýär
Terrora garşy göreş tutanýerli ýagdaýda dowam etdirilýär
Terrora garşy göreş giň gerimli dowam etdirilýär