Yragyň we Siriýanyň demirgazygynda PKK-a agza jemi 37 terrorçy täsirsiz ýagdaýa getirildi

Yragyň we Siriýanyň demirgazygynda PKK-a agza jemi 37 terrorçy täsirsiz ýagdaýa getirildi

Türkiyäniň Milli Goranmak ministrliginiň sosial media hasabyndan berilen beýanatda: "Ýerli we milli güýjümiz bilen terrorçylaryň hinlerini ýer bilen ýegsan edýäris. Yragyň demirgazygynda geçirilen howa operasiýasynyň netijesinde PKK-a agza 23 terrorçy täsirsiz ýagdaýa getirildi. Terrory gözbaşynda ýok etmek boýunça erjeldiris, tutanýerlidiris, başararys" diýip habar berildi.

Türkiyäniň Milli Goranmak ministrliginden berilen başga bir beýanatda bolsa Siriýanyň demirgazygynda PKK/ÝPG-e agza 14 terrorçynyň täsirsiz ýagdaýa getirilendigi mälim edildi.

Beýanatda: "Güýçlidiris, tutanýerlidiris. Gahryman Türkiyäniň Ýaragly güýçleri Ýewfrat Galkany we Parahatçylyk Çeşmesi sebitlerinde anyklan PKK/ÝPG-e agza 14 terrorçyny täsirsiz ýagdaýa getirdi. Eziz watanymyz üçin terrora we terrorçylara garşy göreşimizi ähli güýjümiz bilen dowam etdirýäris" diýip habar berildi.

Ýene degişli makalalar

Terrora garşy göreş tutanýerli ýagdaýda dowam etdirilýär
Yrakda we Siriýada PKK-a agza 9 terrorçy täsirsiz ýagdaýa getirildi
Ýene-de 3 Terrorçy Täsirsiz Ýagdaýa Getirildi
Terrora Garşy Egilşiksiz Göreş Dowam Edýär
Ýene-de 13 Terrorçy Täsirsiz Ýagdaýa Getirildi
Ýene-de 15 Terrorçy Täsirsiz Ýagdaýa Getirildi
Terrora garşy göreş tutanýerli ýagdaýda dowam etdirilýär