Yrakda terror guramasy DAIŞ-e garşy operasiýa başladyldy

Yrakda terror guramasy DAIŞ-e garşy operasiýa başladyldy

Kerkükiň Polisiýa edarasynyň metbugat sekretary Amir Nuri beren beýanatynda, operasiýanyň Hawije etrabynyň Küçük Ýorgun, Büýük Ýorgun, Hamidiýe we Maliha obalary bilen birlikde Hasa, Al-Jenabi we Al-Ýorgun jülgeleriniň golaýynda geçirilýändigini, Yragyň Harby-howa güýçleriniň goldaw berýän harby operasiýa Haşdi Şabi toparynyň hem gatnaşýandygyny habar berdi.

Terror guramasy DAIŞ 2014-nji ýylyň iýun aýynda Yragyň Mosul, Salahaddin we Anbar welaýatlaryny dolulygyna we Diýala we Karkük welaýatlarynyň bir bölegini basyp alypdy we ady agzalan ýerler birnäçe ýyl soň yzyna basylyp alynypdy.

Yragyň ozalky Premýer ministri Haýdar Al-Abadi 2017-nji ýylyň 9-njy dekabrynda terror guramasyna garşy ýeňişiň gazanylandygyny aýan edipdi.

DAIŞ-iň sebitden çykarylmagyna we şäherleriň yzyna alynmagyna 5 ýyl geçmegine garamazdan gurama esasan hem Kerkük, Diýala, Mosul, Salahaddin we Anbar welaýatlarynyň obalyk ýerlerini hüjümlerini dowam etdirýär.

Ýene degişli makalalar

Izabel perde salony: Biziň wezipämiz diňe bir öýde rahatlyk döretmeklik däl, eýsem biçüw talaplaryny kanagatlandyrmaklyk
Daşary ýurt metbugatyna syn
Öýlerimiz çagaly, ýorganlarymyz balaly bolsun
Türkiýe: türkmenistanly çopan başlygyny öldürmekde aýyplanýar
Türk mediasyna syn
Daniýa planetany halas etmek üçin täze salgyt girizdi