Ysraýyl 131 Günden Bäri Gazany Bombalaýar

Ysraýyl 131 Günden Bäri Gazany Bombalaýar

Ysraýylyň Gaza Sektoryna garşy 131 günden bäri guraýan hüjümlerinde ýogalanlaryň sany 28 müň 576 adama ýetdi.

Gazadaky Palestinanyň Saglygy goraýyş ministrliginden berlen ýazmaça beýannamada, Ysraýylyň harby goşunynyň Gaza Sektoryna garşy guraýan hüjümleri hakynda maglumat berildi.

Beýannamada, Ysraýylyň harby goşunynyň soňky 24 sagatda Gazada eden 11 gyrgynçylygynda 103 adamy öldürendigi,145 adamy hem ýaralandygy nygtaldy.

Gazada 2023-nji ýylyň 7-nji oktýabryndan bäri dowam edýän hüjümlerde jemi 28 müň 576 adamyň ýogalandygy, 68 müň 291 adamyň hem ýaralanandygy bellenildi.

Ýene degişli makalalar

Ysraýyl, Gaza Sektoryny Bombalamaga Dowam Edýär
Ysraýyl 138 Günden Bäri Gazany Bombalaýar
Ysraýyl 141 Günden Bäri Gazany Bombalaýar
Ysraýyl Gonamçylygy Bombalady
Ysraýyl 152 Günden Bäri Gazany Bombalaýar
Ysraýyl 154 Günden Bäri Gazany Bombalaýar