Ysraýyl Gaza Ynsanperwer Kömeginiň Berilmegini Bökdeýär

Ysraýyl Gaza Ynsanperwer Kömeginiň Berilmegini Bökdeýär

Ysraýylyň Hamas bilen gazanylan ylalaşyga garamazdan Gaza Sektoryna ynsanperwer kömeginiň berilmegini bökdeýändigi habar berildi.

Gazadaky hökümet tarapyndan berlen beýannamada, Ysraýylyň ylalaşygyň şertlerini ýerine ýetirmeýändigi nygtlady.

Beýannamada Gazada Ysraýylyň hüjümleri sebäpli emele gelen gumanitar krizise üns çekildi we Ysraýylyň ylalaşygyň şertlerini berjaý etmekden gaça durýandygy we palestinalylara azyk we ynsanperwer kömeginiň berilmegini bökdeýändigi ýatladyldy.

Beýannamada, ylalaşyga görä Gaza 50-i ýangyç bolmak bilen günde 600 konteýnerlik ynsanperwer kömeginiň ýetirilmelidigi bellenildi.

Beýannamada “Emma basyp alyjy Ysraýylyň Gaza ynsanperwer kömeginiň berilmegini bökdemäge dowam edýändigi sebäpli asuda ilatyň ýagdaýy gün saýyn agyrlaşýar” diýildi.

Hamas bilen Ysraýylyň arasynda hüjümleriň bes edilmegini, ýesir çalşygyny we asuda ilata ynsanperwer kömeginiň ýetirilmegini maksat edinýän şertnama 19-njy ýanwarda Türkiýe wagty bilen sagat 12.15-de güýje giripdi.

Ýene degişli makalalar

Ysraýylyň hüjümleri sebäpli ýene-de 8 palestinli ýogaldy
Ysraýylyň Gaza guraýan hüjümlerinde ýogalanlaryň sany 72 müň 783 adama ýetdi
Erdogan Makron bilen Eýrandaky ýaraşygy, Liwany we Gazany ara alyp maslahatlaşdy
Türkiýe Ysraýylyň Gaza kömek flotiliýasyna çäre görmegini "garakçylyk" hökmünde häsýetlendirdi
Türkiýe durnukly parahatçylyga goşant goşar
Döwlet Baştutanymyz Türkmenistanyň Müftüsi wezipesine R.Gurbanmyradowy belledi
Ata-babalarymyzyň ruhy däplerine eýerip