Ysraýyl Gazada 966 Metjide Uly Zeper Ýetirdi

Ysraýyl Gazada 966 Metjide Uly Zeper Ýetirdi

Ysraýylyň harby goşunynyň 2024-nji ýylda Gaza Sektoryna guran hüjümlerinde 966 metjide uly zeper ýetirdi.

Palestinanyň Gaznalar we din işleri ministrliginden berlen ýazmaça beýannamada, Ysraýylyň harby goşunynyň 2024-nji ýylda Gazada 815 metjidi dolulygyna ýykandygy, 151 metjide hem zeper ýetirendigi nygtaldy.

Beýannamada, Ysraýylyň harby goşunynyň Gazada 19 gonamçylygy dolulygyna ýykandygy, 3 buthanany hem ýer bilen ýegsan edendigi ýatladyldy.

Beýannamada 2024-nji ýylda basyp alyşlyk astyndaky Gündogar İýerusalimde ýerleşýän Aksa metjidine guralan operasiýalar hakynda hem maglumat berildi.

Beýannamada, Palestinanyň topraklaryny basyp alan ysraýyllylaryň 2024-nji ýylda Aksa metjidine 256 operasiýa gurandygy, şol operasiýalara 2 müň 567 ysraýyllynyň gatnaşandygy bellenildi.

Ýene degişli makalalar