Ysraýyl Gazada Metjidi we Buthanany Nyşana Aldy

Ysraýyl Gazada Metjidi we Buthanany Nyşana Aldy

Ysraýyl, Gaza sektoryna guraýan hüjümlerinde metjidi we buthanany nyşana aldy.

Gazadaky Içeri işler ministrliginiň Telegramdan beren habarnamasynda, Ysraýylyň harby goşunynyň Gazanyň demirgazygynda ýerleşýän Jibaliýe etrapçasynda Ömeri metjidini nyşana alandygy nygtaldy.

Habarnanamada metjidiň dolulygyna ýykylandygy bellenildi. Wakada çekilen adam pidasy hakynda bolsa hiç hili maglumat berilmedi.

Habarnamada, Ysraýylyň Gazadaky hüjümlerden gaçan ýüzlerçe palestinalynyň bolýan Porphirius buthanasyna hem hüjüm gurandygy mälim edildi.

Palestinanyň “WAFA” habarlar gullugy hüjümde 1 gyzjagazyň ýogalandygyny habar berdi.

Hüjümde taryhy buthana uly zeper ýetirlendigi, buthananyň golaýynda ýerleşýän 1 binanyň hem ýykylandygy ýatladyldy.

Palestinanyň Prezident diwanyna degişli Buthana işleri boýunça ýokary komitetiň başlygy Remzi Huri, Ysraýylyň Gazanyň ilatyna garşy gyrgynçylyk edýändigini aýtdy.

Huri, mesele hakynda beren ýazmaça beýannamasynda, “Ysraýylyň Gazada taryhy Porphirius grek prowaslaw buthanasyny nyşana almagy harby jenaýatdyr” diýdi.

Huri, “Musulmanlardan we hristianlaryň ybarat 500 palestinalynyň bolýan buthanasynyň nyşana alynmagy, Ysraýylyň basyp alyşlygynyň esasy maksadynyň çagalar, zenanlar we ýaşulylardygyny açyk aýdň görkezýär”

Komitet, taryhy Porphirius grek prowaslaw buthanasynyň dünýäniň iň gadymy 3 buthanasyndan biridigini we 425-nji ýylda gurlandygyny mälim etdi.

Ysraýylyň harby goşuny, Gazada 6 öýe hem howa hüjümini gurady.

Gazadaki Içeri işler ministrligi, Han Ýunus şäherinde 6 öýe guralan hüjümde asuda ilatdan 9 adamyň ýogalandygyny, 60 adamyň ýaralanandygyny mälim etdi.

Palestinanyň resmi “WAFA” habarlar gullugy bolsa, hüjümde çagalar we zenanlar bilen birlikde azyndan 21 adamyň ýogalandygyny, 79 adamyň hem ýaralanandygyny habar berdi.

Ysraýylyň, 17-nji oktýabrda Gazanyň merkezinde ýerleşýän Al Ehli Baptist hassahanasyna guran bombaly hüjüminde asuda ilatdan 471 adam ýogalypdy.

Ysraýylyň 7-nji oktýabda başlan hüjümlerinde 3 müň 700-den gowrak palestinaly ýogaldy, 12 müňden gowrak palestinaly hem ýaralandy.

Ýene degişli makalalar

Palestinaly Toparlar Ysraýylyň Harby Goşunyna Degişli 21 Ulagy Nyşana Aldy
Erdogan Kuweýdiň Emirini Döwlet Nyşany Ordeni Bilen Sylaglady
Owganystanda Polis Ulagy Nyşana Alyndy
Ysraýyl Bosgun Düşelgelerini Nyşana Aldy
Pakistanda Polisiýa Merkezi Nyşana Alyndy
Dünýä liderleri we halkara guramalar Gazadaky hüjümi ýazgarýarlar