Ysraýyl Gazada palestinalylara garşy guraýan hüjümlerini dowam etdirýär

Ysraýyl Gazada palestinalylara garşy guraýan hüjümlerini dowam etdirýär

Gazadaky Palestinanyň Saglygy goraýyş ministrliginden berlen beýannamada, Ysraýylyň 2023-nji ýylyň 7-nji oktýabryndan bäri, ýagny 460 gün bäri Gaza zolagyna garşy guraýan hüjümleri hakynda maglumat berildi.

Beýannamada, Ysraýylyň harby goşunynyň soňky 24 sagatda Gazada amala aşyran 6 aýry gyrgynçylygynda ýene-de 51 palestinalynyň ýogalandygy, 78 palestinalynyň hem ýaralanandygy nygtaldy.

Beýannamada, Ysraýylyň harby goşunynyň Gaza zolagyna garşy 2023-nji ýylyň 7-nji oktýabryndan bäri guraýan hüjümlerinde ýogalanlaryň sany 45 müň 936 adama, ýaralananlaryň sanynyň bolsa 109 müň 274 adama ýetendigi ýatladyldy.

Beýannamada mundan başgada ýumrulan binalaryň harabalyklarynyň arasynda we ýoluň gyralarynda ýogalan adamlaryň jesetleriniň bardygy, emma ysraýylly esgerleriň päsgel bermegi sebäpli şol jesetleriň ýygnalyp bilinmeýändigi aýan edildi.

Ýene degişli makalalar

Ysraýylyň hüjümleri sebäpli ýene-de 8 palestinli ýogaldy
Ysraýylyň Gaza guraýan hüjümlerinde ýogalanlaryň sany 72 müň 783 adama ýetdi
Türki döwletleriň arasynda elektron söwda we sanly hyzmatlar ýeňilleşdiriler
GURBANGULY BERDIMUHAMEDOW: HAZAR SEBITINDE HARBY HEREKETLER DÜÝBÜNDEN ÝOL BERILMESIZDIR
Russiýa ÝB-niň 20-nji sanksiýa bukjasyna garşylyk görkezdi
Ysraýyl Liwanyň günortasynda 14 adamy öldürdi
Ysraýylly oppozisionerler Netanýaha garşy birleşýär