Ysraýyl Gazada palestinalylary nyşana almaga dowam edýär

Ysraýyl Gazada palestinalylary nyşana almaga dowam edýär

Gazadaky Palestinanyň Saglygy goraýyş ministrliginden berlen beýannamada, Ysraýylyň 7-nji oktýabryndan bäri, ýagny 345 gün bäri Gaza zolagyna garşy guraýan hüjümleri hakynda maglumat berildi.

Beýannamada, Ysraýylyň harby goşunynyň soňky 24 sagatda Gazada amala aşyran 3 aýry gyrgynçylygynda ýene-de 24 palestinalynyň ýogalandygy, 57 palestinalynyň hem ýaralanandygy nygtaldy.

Beýannamada, Ysraýylyň harby goşunynyň Gaza zolagyna garşy 2023-nji ýylyň 7-nji oktýabryndan bäri guraýan hüjümlerinde ýogalanlaryň sany 41 müň 206 adama, ýaralananlaryň sanynyň bolsa 95 müň 337 adama ýetendigi ýatladyldy.

Beýannamada mundan başgada ýumrulan binalaryň harabalyklarynyň arasynda we ýoluň gyralarynda ýogalan adamlaryň jesetleriniň bardygy, emma ysraýylly esgerleriň päsgel bermegi sebäpli şol jesetleriň ýygnalyp bilinmeýändigi aýan edildi.

Ýene degişli makalalar

Ysraýylyň Gaza guraýan hüjümlerinde ýogalanlaryň sany 72 müň 783 adama ýetdi
Daşkentde C5+1 formatynda Merkezi Aziýa döwletleriniň we ABŞ-nyň Medeniýet ministrleriniň duşuşygy geçirildi
Türkmenistan Daşkentde geçirilen C5+1 duşuşygynda medeni hyzmatdaşlygyň ähmiýetini nygtady
Türkiýe Ysraýylyň palestinli tussaglylar üçin girizen ölüm jezasyny ýazgardy
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Hytaýyň CGTN teleýaýlymyna beren interwýusy
Liwan Eýranyň ilçisini “islenmeýän adam” hökmünde yglan etdi
Buşehr atom bekedi ABŞ bilen Ysraýylyň guran bilelikdäki hüjüminde nyşana alyndy