Ysraýyl Gazada soňky 24 sagatda ýene-de 3 aýry gyrgynçylyk amala aşyrdy

Ysraýyl Gazada soňky 24 sagatda ýene-de 3 aýry gyrgynçylyk amala aşyrdy

Gazadaky Palestinanyň Saglygy goraýyş ministrliginden berlen beýannamada, Ysraýylyň 7-nji oktýabryndan bäri, ýagny 305 gün bäri Gaza zolagyna garşy guraýan hüjümleri hakynda maglumat berildi.

Beýannamada, Ysraýylyň harby goşunynyň soňky 24 sagatda Gazada amala aşyran 3 aýry gyrgynçylykly hüjüminde ýene-de 30 palestinalynyň ýogalandygy, 66 palestinalynyň hem ýaralanandygy nygtaldy.

Beýannamada, Ysraýylyň harby goşunynyň Gaza zolagyna garşy 2023-nji ýylyň 7-nji oktýabryndan bäri guraýan hüjümlerinde ýogalanlaryň sany 39 müň 653 adama, ýaralananlaryň sanynyň bolsa 91 müň 535 adama ýetendigi ýatladyldy.

Beýannamada mundan başgada ýumrulan binalaryň harabalyklarynyň arasynda we ýoluň gyralarynda ýogalan adamlaryň jesetleriniň bardygy, emma ysraýylly esgerleriň päsgel bermegi sebäpli şol jesetleriň ýygnalyp bilinmeýändigi aýan edildi.

Ýene degişli makalalar

Ysraýylyň Gaza guraýan hüjümlerinde ýogalanlaryň sany 72 müň 783 adama ýetdi
Aşgabatda Türkmenistanyň we Gazagystan Respublikasynyň arasynda konsullyk meseleleri boýunça geňeşmeleri geçirildi
Daşkentde C5+1 formatynda Merkezi Aziýa döwletleriniň we ABŞ-nyň Medeniýet ministrleriniň duşuşygy geçirildi
Türkmenistan Daşkentde geçirilen C5+1 duşuşygynda medeni hyzmatdaşlygyň ähmiýetini nygtady
Türkiýe Ysraýylyň palestinli tussaglylar üçin girizen ölüm jezasyny ýazgardy
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Hytaýyň CGTN teleýaýlymyna beren interwýusy
Liwan Eýranyň ilçisini “islenmeýän adam” hökmünde yglan etdi