Ysraýyl Ýemende howa hüjümini gurady

Ysraýyl Ýemende howa hüjümini gurady

Husilere degişli "Al-Mesire" telewideniýe kanalynyň habar bermegine görä, Ysraýyla degişli harby uçarlar, Ýemeniň günbataryndaky Hudeýde şäherinde elektrik desgasyny bombalady.

Hüjümde ilkinji kesgitlemelere görä Hudeýde portunda işleýän 1 işgär bilen elektrik desgasynda işleýän 3 inžener jemi 4 adam ýogaldy, 49 adam ýaralandy.

Beýleki tarapdan hüjümiň jogapkärçiligini öz üstüne alan Ysraýylyň goşunyndan berilen beýanatda, köp sanda harby uçaryň Ras Isa we Hudeýde portlarynda Husilere degişli ýerleriň nyşana alynyp hüjüm guralandygy mälim edildi.

Ysraýylyň harby uçarlarynyň nebit söwdasy üçin ulanylýan Hudeýde porty bilen elektrik desgalaryna hüjüm gurandygy bellen beýanatda, nyşana alynan portdan Husileriň Eýrana degişli harby ulaglary we enjamlary daşaýandygy öňe sürüldi.

Ýene degişli makalalar

Ýemendäki Husiler Ysraýyla Hüjüm Gurady
Tramp 12 ýurduň raýatlaryna ABŞ girmegini gadagan etdi; ýedi ýurduň, Türkmenistanyň hem raýatlaryna bölekleýin çäklendirme’ girizdi
Trampyň ABŞ-a girişi 'bölekleýin çäklendirýän' buýrugy Türkmenistanyň raýatlaryna hem degişli
Ýemende partlama boldy
Tel-Awiwe Guralan Hüjümde 1 Adam Ýogaldy
Husiler Iki Gämini Nyşana Aldy