Ysraýylly esgerler basyp alyşlyk astyndaky Günbatar Şeriýada bir palestinaly ýetginjegi öldürdiler

Ysraýylly esgerler basyp alyşlyk astyndaky Günbatar Şeriýada bir palestinaly ýetginjegi öldürdiler

Palestinanyň Saglygy goraýyş ministrligi ýekşenbe güni Günbatar Şeriýanyň demirgazyk böleginde ysraýylly harbylaryň ot açmaklary netijesinde ýaralanan bir palestinaly ýetginjek oglanyň ölendigini habar berdi.

Ministrligiň beýanatyna görä, 17 ýaşly Mohammad Hanani Nablusyň gündogarynda ýerleşýän Beýt Furik şäherinde ýogaldy.

Resmi habar agentligi Wafa-nyň maglumatyna görä, Hanani şenbe güni agşam ysraýylly esgerleriň şäherde geçiren reýdinde kellesinden atylyp öldürildi.

Reýdde şeýle hem 16 ýaşly ýene-de bir ýetginjek ýaralandy.

Ysraýyl 2023-nji ýylyň 8-nji oktýabrynda Gazada harby hüjümlerini başlatmagyndan soň, Gündogar Iýerusalim bilen birlikde basyp alyşlyk astyndaky Günbatar Şeriýada hüjümlerini artdyrdy.

Bu döwürde Günbatar Şeriýada goşunyň we ysraýylly gelmişekleriň guran hüjümlerinde azyndan 1117 palestinaly öldürildi we takmynan 11500 adam ýaralandy.

Ýene degişli makalalar

Ysraýylyň harby goşuny Günbatar Şeriada geçiren reýdinde 15 palestinlini saklady
Ysraýylyň Günbatar Şeriýadaky zorlugy dowam edýär
Erdogan: Türkiye howa giňişliginiň düzgün bozulmalaryna garşy egilşiksiz göreşýär
Ysraýyl 2025-nji ýylda 8- zenan bolan 42 palestinaly žurnalisti tussag etdi
Türkiye we musulman ýurtlary Ysraýylyň Günbatar Şeriýadaky ýerleri basyp almak kararyny ýazgardylar
Ysraýyl howpsuzlyk sebäplerine salgylanyp, Aksa metjidinde Oraza baýramy namazyny gadagan etdi