Ysraýylly oppozisionerler Netanýaha garşy birleşýär

Ysraýylly oppozisionerler Netanýaha garşy birleşýär

Ysraýylyň ozalky premýer-ministrleri Naftali Bennett bilen Ýair Lapid golaýlan saýlawlara bilelikde gatnaşmak üçin taýarlyk görýär.

Bennett 2026 partiýasy tarapyndan ýekşenbe güni berlen beýannamada “Ozalky Premýer-ministrler Naftali Bennett bilen Ýair Lapid, Ysraýyl döwletiniň eşretli geljegi üçin uly başlangyç eder. Ýesh Atid partiýasy bilen Bennett 2026 partiýasy ozalky premýer-ministr Naftali Bennettiň ýolbaşçylygynda birleşen partiýa hökmünde saýlawa gatnaşar” diýildi.

Beýannamada “Bu göçüm golaýlan saýlawda uly üstünlik gazanmagy maksat edinýär” diýildi.

Ysraýylda oppozisiýadaky partiýalaryň Premýer-ministr Binýamin Netanýahuýa garşy birleşmegi ünsleri özüne çekýär.

Ysraýylda parlament saýlawlarynyň oktýabr aýynda geçirilmegi meýilleşdirilýär.

Ýene degişli makalalar

Türkiýe Ysraýylyň palestinli tussaglylar üçin girizen ölüm jezasyny ýazgardy
Erdogan Gurban baýramy bilen bagly ýüzlenmesinde Gaza raýdaşlyk ýüzlenmesini berdi
Eýranyň döwlet mediasy ABŞ-nyň ylalaşyk taslamasynda ýadro gadagançylygynyň bardygyny aýdýar
Ysraýyl Rafah geçelgesiniň "çäkli" ýagdaýda gaýtadan açylmagyna razy boldy
Liberman: Netanýahu Trampyň gulak asýan iti
MHG-nyň maglumatçysy Jeffri Epşteýniň Ysraýylyň içalysy bolandygyna "ynanýar