Ysraýyly Gazada ýene-de 2 aýry gyrgynçylyk etdi

Ysraýyly Gazada ýene-de 2 aýry gyrgynçylyk etdi

Gazadaky Palestinanyň Saglygy goraýyş ministrliginden berlen beýannamada, Ysraýylyň 2023-nji ýylyň 7-nji oktýabryndan bäri, ýagny 348 gün bäri Gaza zolagyna garşy guraýan hüjümleri hakynda maglumat berildi.

Beýannamada, Ysraýylyň harby goşunynyň soňky 24 sagatda Gazada amala aşyran 2 aýry gyrgynçylygynda ýene-de 20 palestinalynyň ýogalandygy, 54 palestinalynyň hem ýaralanandygy nygtaldy.

Beýannamada, Ysraýylyň harby goşunynyň Gaza zolagyna garşy 2023-nji ýylyň 7-nji oktýabryndan bäri guraýan hüjümlerinde ýogalanlaryň sany 41 müň 272 adama, ýaralananlaryň sanynyň bolsa 95 müň 551 adama ýetendigi ýatladyldy.

Beýannamada mundan başgada ýumrulan binalaryň harabalyklarynyň arasynda we ýoluň gyralarynda ýogalan adamlaryň jesetleriniň bardygy, emma ysraýylly esgerleriň päsgel bermegi sebäpli şol jesetleriň ýygnalyp bilinmeýändigi aýan edildi.

Ýene degişli makalalar

Ysraýylyň hüjümleri sebäpli ýene-de 8 palestinli ýogaldy
Ysraýylyň Gaza guraýan hüjümlerinde ýogalanlaryň sany 72 müň 783 adama ýetdi
Türki döwletleriň arasynda elektron söwda we sanly hyzmatlar ýeňilleşdiriler
Russiýa Ukraina bilen Pasha baýramy mynasibetli atyşygy bes etdi
Russiýa ukrainaly müň esgeriň jesedini yzyna berdi
GURBANGULY BERDIMUHAMEDOW: HAZAR SEBITINDE HARBY HEREKETLER DÜÝBÜNDEN ÝOL BERILMESIZDIR
Russiýa ÝB-niň 20-nji sanksiýa bukjasyna garşylyk görkezdi