Ysraýylyň Gaza başladan hüjümleri

Ysraýylyň Gaza başladan hüjümleri

Hamasyň 7-nji oktýabrda guran hüjümi we yzýanyndan Ysraýylyň Gaza başladan hüjümleriniň sebitleýin komplikasiýalary boldy. Şu günki günde Ysraýyl Gaza guraýan hüjümlerinde asuda ilatdan müňlerçe adamy gyrdy.Gaza başladylan guryýer operasiýasy we şonuň netijesinde gazalylaryň Sina sürülme taslamasy, Iordaniýa tarapyndan ikinji gezek uruş sebäbi hökmünde häsýetlendirildi.

Guryýer operasiýasynyň başlandygyna garamazdan Ysraýylyň henize çenli ilatly ýerlerde öňegidişlik edip bilmezligi we yzgiderli häsýetde asuda ilaty nyşana almagy hem günbatar dünýäsinde-de uly protest ýörişleriniň guralmagyna sebäp boldy.

Dünýä jemgyýetçiligi günsaýyn Ysraýyla garşy pozisiýa eýelemäge mejbur edilýär.Beýleki tarapdan söweşiň Siriýa nähili täsir ýetirjekdigi möhüm mesele bolmagynda galýar.

SETA-nyň Daşary syýasaty öwreniji alymy Jan Ajunuň tema boýunça synyny dykgatyňyza ýetirýäris.

Ysraýyl-Hamas söweşiniň Siriýa tarapynda esasy aktýor Hizbullah.Emma Hasan Nasarallahyň soňky beýanaty Hizbullahyň pes ýygylykly dartgynlygy dowam etdirip, söweşe goşulmajakdygyny görkezýär. İkinji bir tarap hökmünde-de ABŞ bilen şaýy partizanlaryň arasyndaky harby dartgynlyk täsir ediji faktor hökmünde görlüp bilner.

Ysraýylyň Gaza garşy guryýer operasiýasyna başlandygyna garamazdan Eýranyň Ýemendäki husilerini herekete geçirip, söweşiň işjeň fronty bolmakdan çetde durjakdygyny görkezendigi görülýär.Yrakda we Siriýada ABŞ bilen başdan geçirilýän harby dartgynlygyň hem geçmişde görülşi ýaly harby ýitgiler bilen gutarmakdan çetdedigini aýtmak ýerliksiz bolmaz. İne şu nukdaýnazarlardan hereket edip, Ysraýyl-Hamas söweşiniň Siriýa ýetirjek täsirleriniň çäkli boljakdygy öňe sürlüp bilner.

Şeýlelikde ABŞ-nyň Gündogar Ortaýer deňizinde ornaşdyran harby güýji hem Eýrana garşy ýüzöwürdiji faktor bolup durýar.ABŞ-nyň resmileriniň hem bu barasynda beýannamalarynyň bolmagy, söweşiň Gazada başlap, gutarmagy bilen bagly syýasaty beýan edýär.

Ysraýyl hem bu çemeleşmäni kabul edene meňzeýär.Emma Ysraýylyň Gazany dolulygyna gözegçilik astyna almagy maksat edinýän pozisiýa eýelemegi, 2,3 millona barabar gazalynyň Sina mejbur göçürilmegine sebäp bolar.

Iordaniýa ony uruş sebäbi hökmünde beýan edýär.Müsüriň hem bu meseläni möhüm hasap edýändigi görülýär.Esasy çykgynsyzlygyň we sebitleýin söweş howpunyň bu ýerde durýandygyny aýdyp bileris.

Ýerlerdäki wakalara ser salynanda Ysraýylyň Gazada uly öňegidişlik edip bilmeýändigi görülýär.Heniz ilatly ýerlere däl, ýollary we ilatsyz ýerleri gözegçilik astyna almaga çalyşýandygy, şol bir wagtda demirgazykda kenara ýetip, Gazanyň demirgazygyny gabaw astyna almaga çalyşýandygyny aýdyp bileris.

Emma Hamasyň tunel torlary sebäpli Ysraýylyň sebiti doly gabaw astyna almagy kyn.Ysraýylyň 7-nji oktýabrdan bäri öňe gidiş gepginine garalanda söweşiň uzak dowam etjekdigi; Ysraýylyň Gazany dolulygyna gözegçilik astyna almakda kynçylyk çekjekdigi we halkara jemgyýetçiliginiň gysyşynyň hem günsaýyn artjakdygy görülýär.

Ýene degişli makalalar

Gaza Ýarylmadyk Bombalar Sebäpli Howply Etaby Başdan Geçirýär
Ysraýylyň Gaza garşy hüjümleri dowam edýär
Eýran Amerika we Britaniýa Sanksiýa Goýmak Hakynda Karar Kabul Etdi
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny
Türkiýe Ysraýyl Bilen Söwda Gatnaşyklaryny Doly Bes Etdi
Ysraýylyň Gaza garşy guraýan hüjümlerinde ýogalan palestinalylaryň sany 34 müň 596 adama ýetdi