Ysraýylyň Gaza garşy guraýan hüjümleri dowam edýär

Ysraýylyň Gaza garşy guraýan hüjümleri dowam edýär

Gazadaky Saglygy goraýyş ministrliginden berilen beýanatda, Ysraýylyň 7-nji oktýabrdan bäri Gaza garşy guraýan hüjümlerinde ýogalanlaryň sanynyň 2 müň 360-y çaga we 1292-si zenan bolmak bilen jemi 5 müň 791 adama, ýaralananlaryň sanynyň bolsa 16 müň 297 adama ýetendigi habar berildi.

Ministrlik Gazadaky hassahanalarda saglygy goraýyş ulgamynyň dolulygyna çökendigini mälim etdiler.

Asuda ilat gyrgynçylygynyň bes edilmegi ugrunda dünýä derejesinde barha artýan çagyryşlara garamazdan Ysraýylyň harby güýçleri, tapawut goýmadan Gazany bombalamaga dowam edýär.

Ysraýylyň goşunyndan berilen beýanatda, Gazadaky biri-birinden tapawutly etrapçalarynda ýerleşýän 400 aýry ýeriň nyşana alynyp hüjüm guralandygy habar berildi.

Beýanatda nyşana alynan ýerleriň "Hamasa degişli ýerlerdigi" öňe sürülip, aralarynda bäbekler hem bolan asuda ilat ýitgileri barada maglumat berilmedi.

Ysraýylyň goşuny beýanatynda nyşana alynan ýerleriň biriniň metjitdigini belledi.

Palestinanyň resmi habarlar agentligi WAFA tarapyndan berilen habarlara görä, Ysraýylyň harby uçarlarynyň düýn gije Gazanyň tapawutly ýerlerinde asuda ilatly zolaklara guran hüjümlerinde aralarynda zenanlar we çagalar hem bolan azyndan 120 adam ýogaldy.

Han Ýunus, Refah, Beýt Lahiýa, Jibaliýa şäherleri bilen Berij bosgun düşelgesinde asuda ilatly ýerler nyşana alynmak bilen birlikde, hüjümde şeýle hem onlarça adamyň ýaralanandygy mälim edildi.

Harabalyklaryň aşagynda köp sanda adamyň bardygy we gözleg we halas ediş işleriniň dowam edýändigi aýan edildi.

Ysraýylyň goşuny gabaw astyndaky Gazanyň demiragzygyna bolsa hem harby uçarlar hem-de gaubisalar bilen hüjüm guraýar.

Gaza şäherinde garry adamlar üçin niýetlenen we reabilitasiýa merkezi hökmünde ulanylan Wefa hassahanasynyň ýakyny hem Ysraýylyň goşuny tarapyndan nyşana alynyp, hüjüm guraldy. Hüjümlerde ýaralananlar golaýdaky hassahanalara alynyp gidildi.

Gazadaky Içeri işler ministrligi hem Nuseýrat bosgun düşelgesindäki bazaryň hem bomabalanandygyny mälim etdi.

Bombalanan 2 aýry sebitde onlarça adamyň ýogalandygy we ýaralanandygy aýan edildi.

Ysraýylyň goşuny Liwan serhedinde bolsa raketa bilen hüjüm guramak üçin taýarlyk görendikleri anyklanan ýerlere garşy ýaragly uçarmansyz howa ulaglary bilen hüjüm guralandygyny habar berdi.

Ysraýylyň harby güýçleri düýn gije bolsa Gündogar Iýerusalimiň we Günbatar Şerianyň tapawutly ýerlerinde 50-ä golaý palestinalyny göz tussaglygyna aldy. Ysraýylyň 7-nji oktýabrdan bäri Günbatar Şeriada göz tussaglygyna alan palestinalylaryň sanynyň 1265 adama ýetendigi beýan edildi.

Hamasyň Kassam atly habary topary, 7-nji oktýabrda ysraýyla garşy “Aksa tupany” ady bilen giň gerimli hüjüm başladypdy.

Gazadan Ysraýyla müňlerçe raketa atyldy we ýaragly toparlar hem ilatly ýerlere girdi.

Ysraýylyň harby goşuny hem harby uçarlar bilen Gaza sektoryna garşy “Demir Gylyçlar” operasiýasyny başladandygyny mälim edipdi.

Dartgynlyk sebäpli iki tarapda hem müňlerçe adam ýogaldy.

Ýene degişli makalalar

Ysraýyl Gazany Bombalamaga Dowam Edýär
Ysraýyl 202 Günden Bäri Gazany Bombalaýar
Ysraýyl 201 Günden Bäri Gazany Bombalaýar
Gaza Ýarylmadyk Bombalar Sebäpli Howply Etaby Başdan Geçirýär
Ysraýylly Ýesirleriň Hossarlary Protest Ýörişlerini Dowam Etdirýär
Ysraýyl, Gazany Bombalamaga Dowam Edýär
Ysraýyl, Gazany Bombalamaga Dowam Edýär