Ysraýylyň Gaza garşy guraýan hüjümleri dowam edýär

Ysraýylyň Gaza garşy guraýan hüjümleri dowam edýär

Gazadaky Palestinanyň Saglygy goraýyş ministrliginden berlen beýannamada, Ysraýylyň 2023-nji ýylyň 7-nji oktýabryndan bäri, ýagny 361 gün bäri Gaza zolagyna garşy guraýan hüjümleri hakynda maglumat berildi.

Beýannamada, Ysraýylyň harby goşunynyň soňky 24 sagatda Gazada amala aşyran gyrgynçylyklarynda ýene-de 23 palestinalynyň ýogalandygy, 101 palestinalynyň hem ýaralanandygy nygtaldy.

Beýannamada, Ysraýylyň harby goşunynyň Gaza zolagyna garşy 2023-nji ýylyň 7-nji oktýabryndan bäri guraýan hüjümlerinde ýogalanlaryň sany 41 müň 638 adama, ýaralananlaryň sanynyň bolsa 96 müň 460 adama ýetendigi ýatladyldy.

Beýannamada mundan başgada ýumrulan binalaryň harabalyklarynyň arasynda we ýoluň gyralarynda ýogalan adamlaryň jesetleriniň bardygy, emma ysraýylly esgerleriň päsgel bermegi sebäpli şol jesetleriň ýygnalyp bilinmeýändigi aýan edildi.

Ýene degişli makalalar

Ysraýyl Gaza Ynsanperwer Kömeginiň Berilmegini Bökdeýär
Ysraýylyň Guran Soňky Hüjümlerinde 20 Adam Ýogaldy
Gazalylar Öýlerine Dolanýar
Ysraýylyň Gazadaky hüjümlerinde ýogalýan palestinalylaryň sany artmaga dowam edýär
Gazada Ýogalanlaryň Sany Artmaga Dowam Edýär
Gazada ýogalýan palestinalylaryň sany artmaga dowam edýär
Ysraýylyň çäklendirmeleri ynsanperwer kömeginiň diňe 30 göteriminiň Gaza ýetirilmegine sebäp bolýar